Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda, gümrük edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşaýjylar ýa-da başga dahylly şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi.

Deslapky maglumatlary gümrük edaralaryna «ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamynyň we «1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky» Gümrük konwensiýasyna laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) TIR-EPD maglumat ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşinde türkmen, rus we (ýa-da) iňlis dilinde (dillerinde) berip bolýar.

Deslapky maglumatyň berilmegi esasynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi, şol sanda üstaşyr geçirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde berilýän deslapky maglumatlar, gümrük edaralary tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegi çaltlandyrmak arkaly daşary söwda işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Çeşme: customs.gov.tm