Taýlanda örän seýrek duş gelýän waka bolup geçdi. 36 ýaşly Pangjamjuri atly piliň ekiz çagasy boldy. Çagalaryň birinjiň erkek, beýlekisiniň urkaçydygy mälim edildi. Bilermenler bu ýagdaýyň hem has seýrek gabar gelýändigini belleýärler. Pillere ideg etmek bilen meşgullanýan täjirçilik maksatly bolmadyk “Elephantstay” guramasy garaşylmadyk ýagdaýda 18 minutdan soň ikinji çaganyň dünýä inendigini habar berdi. Pilleriň çagalarynyň biri 80, beýlekisi 60 kilogram. Guramanyň başlygy Mişelle Ridi pilleriň örän seýrek ýagdaýda ekiz dogurýandyklaryny aýdýar. “Save the Elephants” atly guramanyň bilermenleri bolsa, pilleriň ýüzden biriniň ekiz dogurýandyklaryny, ekiz çagalaryň arasynda biriniň erkek, beýlekisiniň urkaçy bolmagynyň hem örän seýrek duş gelýändigini belleýärler.