14-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri kemala geldi. Bu şäherde gurnalyp işe girizilen innowasion tehnologiýalar we sanly çözgütler, “akylly” öý ulgamyny döretmäge, bu hyzmatlardan uzak aralykdan peýdalanmaga, ornaşdyrylan ulgamlary sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, ähli ugurlarda sanly we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän “Aşgabat-sitide” hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda halkara tejribäni, 4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilende, maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokary bolup, ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny, tehniki häsiýetnamalaryny öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bu ugurda degişli işleri geçirmegi baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň has-da kämilleşdirilmegini talap edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny belläp, bu teklibi goldaýandygyny aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna şol tehnologiýanyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.