Angliýanyň çempionatynda soňky çempion “Arsenal” myhmançylykda “Liwerpuly” 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arsenala” ýeňiş getiren ýeke-täk goly 16-njy minutda Kai Hawerts geçirdi. “Arsenal” kluby “Mançester Ýunaýtedden” soň APL-de myhmançylykda 300 ýeňiş gazanan 2-nji topar boldy. Bu “Arsenalyň” soňky 6 ýylda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan 27-nji duşuşygy hökmünde hasaba alnyp, bu TOP 5 çempionatdaky iň ýokary görkezijidir.
“Mançester Siti” öz meýdançasynda “Braýtondan” Aýariniň 11-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda asgyn geldi. Geçen hepdede Liga Kubogynda “Mançester Siti” “Braýtony” ýeňip, ýaryşdan çykarypdy. “Mançester Siti” çempionatda bassyr 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
“Çelsi” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” Rojersiň hem-de Palmeriň gollary bilen 2-0 hasabynda utdy.
Şol hasap bilen “Tottenham” öz meýdançasynda “Kristanl Palasy” Greýiň hem-de Wan Hekkeniň gollary esasynda ýeňdi. Oýunda “Kristal Palasyň” hüjümçisi Mateta 13-nji minutda gyzyl kart aldy.
“Bornmut” “Lidsi”, “Brentford” hem “Nottingam Foresti” 2-0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.
Çelsi – M. Ýunaýted: 2-0 (Rojers 50, Palmer 64 p),
Bornmut – Lids: 2-0 (Ewanilson 31, Adli 90+5),
Brentford – N. Forest: 2-0 (Milenkowiç 30 ö.d., Tiago 76),
Kowentri – Sanderland: 3-1 (Sakamoto 17, Awonýi 37, Rudoni 52 – Le Fe 67 p),
Man. Siti – Braýton: 0-1 (Aýari 11),
Hall Siti – Ipswiç: 2-2 (Aýrogbunam 58, Makberni 68 – Florentinu 22, Ensiso 74),
Tottenham – K. Palas: 2-0 (Greý 25, Wan Hekke 73),
Aston Willa – Fulham: 1-1 (Jekson 39 – Suzuki 64 ö.d.),
Liwerpul – Arsenal: 0-1 (Hawerts 16),
Nýukasl – Ewerton (şu gije)
PDF








