Tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda çagalygyň arzyly pursady – tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär. Bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda geçirilýän dürli medeni-çäreler, döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklar bolsa, giň gerime eýe bolýar.

Ça­ga­la­ry do­ly de­re­je­de dynç al­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň bi­na­la­ry­na ýer­leş­dir­di­ler. Olar­da ýaş nes­liň wag­ty­ny gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­di­len­dir. Mer­kez­ler­de oýun oý­na­mak, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin meý­dan­ça­lar, tans zal­la­ry, komp­ýu­ter otag­la­ry, el iş gur­nak­la­ry, teatr, şe­kil­len­di­riş sungaty otag­la­ry, ki­tap­ha­na­lar bar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim, Me­de­ni­ýet, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­lik­le­ri­niň, Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç al­şy­ny gu­ra­ma­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­dü­ler. Olar ýö­ri­te me­de­ni-dynç alyş mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar esa­syn­da dynç alyş mer­kez­le­rin­de her ýyl to­mus möw­sü­min­de dür­li ýaş­ly ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen köp san­ly bäs­le­şik­ler, sun­gat ýo­lu­na ýa­ňy ga­dam ba­san ar­tist­le­riň we ça­ga­lar çe­per hö­wes­jeň to­par­la­ry­nyň, döw­let hem-de hal­ka­ra de­re­je­dä­ki dür­li dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri­niň, meş­hur est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň, sa­zan­da­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da sport ýa­ryş­la­ry, spar­ta­kia­da­lar, sah­na çy­kyş­la­ry, çe­per oka­ýyş­lar gu­ral­ýar.
To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni Gök­de­rä­niň mer­kez­le­rin­de üç tap­gyr­da alyp bar­mak göz öňün­de tu­tul­dy. We­la­ýat­lar­da hem üç tap­gyr­da, Awa­za­da­ky ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de ça­ga­la­ryň dynç alyş möw­sü­mi bäş tap­gyr­da do­wam eder. Gök­de­re­dä­ki ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ça­ga­la­ryň ýe­di müň­den gow­ra­gy dynç al­ýar­lar. We­la­ýat­lar­da­ky mer­kez­ler­dä­ki dynç alyş möw­sü­mi­niň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ça­ga­la­ryň bir ýa­rym müň­den gow­ra­gy, Awa­za­nyň ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de bir ýa­rym mü­ňe go­laý ça­ga­la­ryň dynç al­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, ça­ga­lar bi­ziň kal­by­my­zyň buý­san­jy, öý­le­ri­mi­ziň ýa­ra­şy­gy, bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň gül-gun­ça­la­ry, öm­rü­mi­ziň do­wa­ma­ty­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Di­ýa­ry­myz­da er­ka­na ýaý­na­ýan bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­my­zyň ra­hat dynç alyp, okap, öw­re­nip, dö­re­dip, ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, sag­dyn be­den­li, edep-ter­bi­ýe­li, Wa­ta­na we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýa­rys. Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gel­je­gi bo­lan ça­ga­la­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek döw­le­ti­mi­ziň esa­sy mak­sa­dy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ça­ga­la­ryň my­na­syp bi­lim we ter­bi­ýe al­mak­la­ry, sport, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­la­nyp, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­mak­la­ry ug­run­da äh­li ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän döw­re­bap ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, sport, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri­niň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar.
Teatr, sirk, bel­li aý­dym-saz to­par­la­ry hem ýa­şa­jyk to­ma­şa­çy­lar bi­len du­şuş­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär­ler. Şeý­le-de ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen dynç alyş me­ýil­na­ma­la­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň, we­la­ýat­la­ry­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­ne, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re, mu­zeý­le­re, se­ýil­gäh­le­re ge­ze­lenç­le­riň gu­ral­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de geç­jek her bir gün ça­ga­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra baý bo­lar. Se­bä­bi bu ýer­de wag­ty­ňy gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir. «Açyk ga­py­lar» gün­le­rin­de ça­ga­lar taý­ýar­lan çy­kyş­la­ry ar­ka­ly öz­le­ri­niň üs­tün­lik­le­ri­ni ene-ata­la­ry­na, ýa­kyn­la­ry­na we dost­la­ry­na gör­ke­zip bi­ler­ler.
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky «Da­ýanç» ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de, şeý­le hem gö­zel Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki Gök­de­re ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de ta­lyp ýaş­lar alan bi­lim­le­ri­ni öz iş tej­ri­be­sin­de öz­leş­dirýär­ler. Şeý­le ta­lyp­la­ryň ha­ta­ryn­da Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­leri ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry hem bar. Olar öz okan döw­rün­de alan bi­lim­le­ri­ni ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar bi­len paý­la­şyp, ola­ryň hem kä­mil ýaş­lar bolup ýe­tiş­me­gi­ üçin go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.

Döw­ran AN­NA­NE­PE­SOW,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.