Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Çatrapati Şiwaji adyndaky halkara howa menzili bir gije-gündizdäki kabul eden uçar gatnawlarynyň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada “The Times of India” neşiri habar berýär. Şu ýylyň 24-nji noýabrynda howa menzilinde 969 uçuş hem-de gonuş amala aşyryldy. Bu görkezijä köp sanly çarter hem-de hususy uçuş gatnawlarynyň hasabyna ýetildi. Mundan ozalky bir gije-gündizdäki 935 gatnaw rekordy hem şu howa menzilinde goýlupdy. Rekord goýlan gününde howa menzilinden gatnawlaryň her 1 minutda amala aşyrylan sagatlary hem boldy.
Hindistanyň iň uly howa menzili hasaplanýan Çatrapati Şiwaji adyndaky halkara howa menzili Mumbaý şäherinden 26 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ol Goa şäherine gelýän jahankeşdeleriň hem gonýan menzilidir. Bu howa menzili uçuş-gonuş zolagynyň geçirijilik mümkinçiligi boýunça dünýäde London şäherindäki Gatwik howa menzilinden soňra ikinji orunda durýar.