Günorta Koreýanyň “Lotte Group” kompaniýasy bilen Fransiýanyň “PSA Group” şereketi bilelikde Hindistanda umumy hasapda 6 milliard dollar möçberinde maýa goýum goýmagy meýilleşdirýär. Ol ýurduň Premýer-ministri Narendra Modiniň Hindistana daşary ýurt maýa goýumyny çekmek babatdaky maksatnamasyna laýyklykda, amala aşyrylýar.
Günorta Koreýanyň kompaniýasy öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda 3-den 5 milliard dollara çenli bölek söwda, himiýa we azyk senagaty ýaly pudaklaryna maýa goýup, demir ýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam etmegi göz öňünde tutýar.
Dünýä belli “Peugeot” hem-de “Citroen” kysymly ulaglary öndürýän fransuz kompaniýasy bolsa, 1 milliard ýewro golaý maliýe serişdeleri bilen Hindistanyň günortasynda awtoulag hem-de ulag hereketlendirijilerini öndürýän zawody gurmakçy.
Hindistanyň hökümetine umumy bahasy 85 milliard dollara barabar bolan dürli daşary ýurt maýa goýum taslamalarynyň 550-si gelip gowuşdy. Hödürlenen taslamalaryň arasynda azyk senagatyna, elektrik togy bilen işleýän ulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we elektronika harytlaryny öndürýän önümçilige degişli desgalar bar.
Narendra Modiniň maksady “Hindistanda öndürildi” ýazgysy bilen haryt önümçiligini artdyrmakdan ybarat. Şonuň üçin ýurtda daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna önümçilik desgalarynyň sanyny köpeldip, daşary ýurt firmalaryna dürli ýeňillikleri döretmek meýilleşdirilýär.