Soňky ýyllarda klimatyň üýtgemegi bilen dünýäde aşa sowuk we aşa yssy howa derejeleri hasaba alynýar. Howanyň gyzgynlygynyň güýçlenmegi bilen adamlarda ysgynsyzlyk, işdäsizlik, huşdan gitme, başaýlanma, Gün urma ýaly alamatlar ýüze çykyp bilýär. Gün şöhlesiniň içiňden geçip barýan howry saglyk üçin zyýanly bolup, aşa gyzgynlykdan goranmak üçin birnäçe şertleri berjaý etmeli.
Salkynlygy saklamak. Tomus paslynda açyk reňkli, ýeňil we ýumşak egin-eşikleri geýmeli. Bu bedeni salkyn saklamagyň bir usulydyr. Galyberse-de, öýde we iş otaglarynda howanyň gyzgynlygyna laýyklykda serginledijini işletmeli. Emma serginlediji ulanylanda her 2-3 sagatdan öçürilip, 10-15 minut howa çalşandan soň gaýtadan işledilmeli. Howanyň gyzgynlygyna garamazdan serginledijiniň göni gabadynda oturmak ýa-da ýatmak, suwa düşüp serginledijili otaga girmek maslahat berilmeýär. Her gün pollary çygly esgi bilen süpürip çykmak hem öýi salkyn saklamaga ýardam edýär.
Ýeterlik suw içmek. Aşa yssy günlerde arassalanan agyz suwuny ýanyňdan goýmaly däl. Bedeniň biologik ýagdaýyna görä her gün ýeterlik derejede suw içmeli. Tomus paslynda bedeniň suwsuzlygyny miwe şerbetleri, gök çaý, aýran ýaly tebigy içimlikler bilen hem gandyryp bolýar. Konsentirlenen we gazlandyrylan içimlikler bilen suwsuzlygyňy gandyrmak maslahat berilmeýär.
Aýratyn meýilnama düzmek. Gyş, ýaz we güýz pasyllarynda adaty gün tertibini ýöredip bolar. Emma tomus pasly üçin her kim iş we durmuş derejesine görä aýratyn meýilnama düzmeli. Mysal üçin, sport maşklaryny azaldyp, salkynda türgenleşmek; meýdan işlerini irräk turup dynmak we günortanyna öýden çykmazlyk; bitirmeli möhüm işleriňi salkynda ýerine ýetirip, gündizine dynç almak we ş.m.
Howa maglumaty bilen tanyşmak. Howa maglumaty bilen her gün tanşyp durmaly. Işleriňi howanyň ýagdaýyna görä sazlap, aşa gyzgynda öýden çykmazlyga endik etmeli.
Aýratyn ideg etmeli. Yssy howa uly ýaşly adamlara, bäbeklere we çagalara has ýiti täsir edýär hem-de saglyk bilen bagly käbir töwekgelçiligi döredip bilýär. Şol sebäpli tomus paslynyň dowam edýän günlerinde bäbeklere, çagalara we uly ýaşly adamlara howa salkynlanda daşary çykmak maslahat berilýär. Olar ýokary temperatura çydamsyz bolup, aýratyn ideg zerur bolup durýar.
Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde çagalar iýmitlendirilende käbir ýagdaýlary göz öňünde tutmaly. Şeýle hem tiz taýýar bolýan hem-de gaplanan iýmitler bilen çagalary naharlamaly däl. Yssy howada bäbeklere we çagalara ýeňil we açyk reňkli egin-eşikleri geýdirmeli. Körpejeler arassa howa çykarylanda ýany bilen hökmany ýagdaýda suw almaly. Howanyň gyzgyn günlerinde bäbegi ýa-da çagany awtoulagda ýeke goýup gitmeli däl. «Derrew gelerin» diýen pikir bilen edilýän bu ýalňyşlyk dürli nogsanlyklara getirip bilýär.