Deňiz kenarynyň we deňiz suwunyň bejerijilik häsiýeti irki ýyllardan bäri köpçülige bellidir. Ýylyň ähli möwsüminde, esasan hem, tomus paslynda deňiz kenarlary köp adamly bolýar. Deňiz kenarynda ýöremek, sport bilen meşgullanmak we dynç almak, şeýle hem suwa düşmek saglyk üçin elýetmez bejergiler hasaplanýar. Tolkunlaryň sesine diň salmak, çüýşe ýaly göm-gök gözelligi synlamak we deňziň howasyndan dem almak adama gaýtalanmajak lezzet berýär.
Deňiz suwunyň peýdalydygyny hemmeler bilýär. Kosmetika we derman senagatynda deňiz suwy işjeň peýdalanylýar. Deňiz suwundaky peýdaly minerallar we magniý deriniň juwan görünmegini üpjün edýär.
Deri kesellerinde, käbir ýaralary guratmakda deňiz suwunyň peýdasy has uludyr.
Deňiz suwundaky magniý, brom we litiý maddalary stres hem-de nerw bozulmalaryny bejermäge ýardam edýär. Bu maddalar beýnidäki melatoniniň we serotoniniň derejesini deňleşdirýär.
Deňziň şor suwy goňaklamanyň öňüni alyp, saçyň ýalpyldawuk görünmegini üpjün edýär.
Deňiz suwunda saklanýan ýod immuniteti güýçlendirýär. Şeýle hem şor suw deri öýjüklerini arassalap, allergiki keselleri bejermäge ýardam edýär. Antiseptik häsiýeti bolan deňiz suwy ýokançlyklara garşy göreşip, bedeniň mikroblara, bakteriýalara we kömelejiklere garşy durujylygyny ýokarlandyrýar.
Deňizde ýüzülýän wagty elektromagnit energiýa meýdanynyň täsiri netijesinde öýjükler täzelenýär. Şeýle hem deňziň kenarýaka howasy gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, gany we dokumalary arassalamaga ýardam edýär.
Deňiz suwy dem alyş ýoly üçin hem peýdaly bolup, demgysmany we üsgülewügi bejermegiň iň gowy usuly hasaplanýar.
Deňizde ýüzmek öýkeniň kuwwatyny güýçlendirýän iň möhüm fiziki bejergileriň biridir.
Kenarýakada aýakýalaňaç gezmek nerw damarlaryny köşeşdirip, guragyry alamatlaryny aýyrýar.
Ýüzmegiň peýdasy:
Ýüzmek myşsalary güýçlendirip, süňkleri we bogunlary berkidýär.
Ýüzmek artykmaç ýagy ýakmaga kömek edip, süýji keseliniň ýüze çykmak howpuny azaldýar.
Ýüzülende bedeniň çeýeligi artyp, bil-oňurga süňkleri we bogunlar ýazylýar.
Bilermenler horlanmak isleýän adamlara ýüzmegi maslahat berýärler. Adam ýüzende kaloriýany has çalt ýakýar.
Ýüzmek bedende toplanan artykmaç maddalardan saplanmaga, şeýle hem dem alyş ýoly bilen bagly töwekgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam edýär.
Ýüzmek gan basyşyny kadalaşdyryp, ýürek-damar ulgamyny goraýar.
Ýüzmek stresi azaldyp, özüňi has rahat duýmaga kömek edýär.