27-nji iýunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen giň gerimli döredijilik forumy -Medeniýet hepdeligi tamamlandy.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri guraldy. Şygryýetiň, halk döredijiliginiň muşdaklary edebiýat agşamlaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeniýet, sungat ussatlarynyň konsertlerine gatnaşdylar. Köp sanly ýaşlar hem öz zehinini görkezdi. Sahna ussatlary bu waka mynasybetli döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Şu günlerde geçirilen mowzuklaýyn maslahatlarda, iş maslahatlarynda, «tegelek stol» duşuşyklarynda, brifinglerde taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, sungatyň dürli žanrlaryny ösdürmek, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek hem-de şunda sanly tehnologiýalary ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni forumyň jemleýji güni Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çäre akyldar şahyra uly hormat goýulýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň tomaşa zalynda geçirildi. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti guralyp, teatryň artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen “Sungatyň mekany” atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasyny açdy. Ýurdumyzyň meşhur artistleriniň ýerine ýetirmeginde ruhubelent aýdymlar ýaňlandy.
Dabara artistleriň, meşhur tans toparlarynyň türkmen halk dessanlary esasynda döreden folklor çykyşlary bilen dowam etdi. Şolaryň hatarynda “Şasenem-Garyp” dessanyndan “Geler sallana”, “Zöhre-Tahyr” dessanyndan “Duran ýerlere”, “Saýatly-Hemra” dessanyndan “Nä tilär menden” atly kompozisiýalar bar. Tomaşaçylar uly bolmadyk täsirli sahna eseri görnüşindäki ajaýyp çykyşlara, joşgunly tanslara tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. Olarda halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.
Asylly däbe görä, sungat ussatlary öz hünär baýramy mynasybetli täze, ajaýyp çykyşlary taýýarlapdyrlar. Ýaş ýerine ýetirijileriň — döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň çykyşlary, gadymy aýdym-sazlar häzirki döwrümiziň okgunly estrada aýdymlary, nusgawy tans çykyşlary bilen sazlaşykly utgaşyp, bir bitewi ruhy joşguny emele getirdi.
Döredijilik çäresi aýdymçylaryň we ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde “Gülle sen, sungatym, gül Diýarymda!” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Ol ähli ildeşlerimizde eziz Watanymyza buýsanç duýgusyny döredýän ajaýyp owaza öwrüldi.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, döredijilik işi bilen meşgullanmak we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýurdumyzda döredilen hemmetaraplaýyn şertler hem-de forumy ýokary derejede geçirmäge döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk beýan edilýär.