27-nji iýunda “Garagum-Ulag” hojalyk jemgyýeti Ýaponiýanyň dünýä belli awtoulag öndürijisi “Тоyotа”-nyň täze modelini tanyşdyrdy. Bu çäre Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň ugrunda ýerleşýän sergi zalynda geçirildi. «Toyota Land Cruiser 250» ulagy ýurdumyzyň ýol we we tebigy şertlerinde sürmäge amatlydyr. “Öz ýoluňy goý! şygary bilen tanyşdyrylýan kuwwatly ulag sürüjileriň amaly zerurlyklaryny we häzirki zaman durmuş ýörelgesini kanagatlandyryp bilýän ýönekeý hem berk bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu model GA-F innowasion platformasynda gurlup, ýolsuz ýerde hereket etmek mümkinçiligini ep-esli kämilleşdirdi.
Täze «Land Cruiser»-iň esasy aýratynlyklary:
Ulagyň çarçuwasynyň berkligini 50%, gabarasynyň umumy berkligini 30% kämilleşdiripdir.
Tigirleriniň sazlaşygy we artikulýasiýasy has gowulaşdyrylan.
Elektrik energiýasyny dolandyrmak we kadalaşdyryjyny öçürmek mehanizmi ornaşdyrylan.
«Multi-Terrain Monitor» we «Multi-Terrain Select» mümkinçilikleriniň ösen aýratynlyklary bar.
Ulagda 8 tizlik geçirjili «Direct Shift» geçiriş gutusy bilen bilelikde göwrümi 2,4 litr bolan benzin bilen işleýän turbo hereketlendiriji oturdylypdyr. «Direct Shift» ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanyp, daşky gurşawa zyýansyz, öwrüm mümkinçiligi 430 Nm hem-de kuwwaty 281 at güýjüne ýetýär.

Awtoulagyň dizaýny «Land Cruiser»-iň nusgawy aýratynlyklaryny häzirki zaman çözgütleri bilen birleşdirip, modeliň ygtybarlylygyny we hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýär. Kabinaniň görnükliligine we ergonomikasyny gowulandyrmaga aýratyn üns berlipdir.
«Toyota» kompaniýasynyň wekilleri täze «Land Cruiser»-iň ozalky ýörelgesine wepalydygyny, onuň şäher köçeleri bilen birlikde, Türkmenistanyň ýol-ýodasyz ýerlerinde öz ýoluny tapmaga taýýardygyny, eýelerine islendik şertlerde deňsiz-taýsyz rahatlyk we ynamly menzilleri hödürleýändigini aýdýarlar.