24-26-njy iýun aralygynda Tähranda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň 8-nji maslahaty geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministrligi habar berdi.
Maglumatlara görä, gepleşiklere Azerbaýjanyň (wekiliýetiň başlygy – S. Şarifow), Eýranyň (A. Jahangiri), Gazagystanyň (Z. Amanžolowa), Russiýanyň (M. Petrakow) we Türkmenistanyň (M. Atajanow) wekiliýetleri gatnaşdy.
Maslahata Eýran tarapynyň wekiliýetiniň başlygy A. Jahangiri ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda taraplar Hazar deňzine göni giriş uguralryny gurmagyň usulyýetini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler.
Maslahatda Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi. Wekiliýetler maslahaty ýokary derejede geçirendigi üçin Eýran tarapyna hoşallyk bildirdiler. Indiki maslahat Gazagystanda geçirilip, onuň guraljak seneleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.