27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Ankaranyň merkezindäki ajaýyp «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady.
Bu çärä Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýede akkreditirlenen birnäçe ýurtlaryň Ilçileri, tanymal ýazyjylar, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň, KHBS-niň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmekde, dünýä edebiýatynyň hazynasyny baýlaşdyrmakda we türkmen halkynyň gymmatlyklaryna düşünmekde ägirt uly goşant goşandygyny nygtadylar. Şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň karary bilen 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi bellenildi.