Türkmen bitaraplygynyň tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň özboluşly kepilidigine şu ýokardaky aýdylanlar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen bitaraplygy dünýä bileleşiginiň goldamagynda halkara baýramçylygyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu şatlykly waka ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýandygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky ählumumy ykrarnamasydyr. Bu baýramçylygy esaslandyrmak hakyndaky başlangyç 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan beýan edildi. Şol gün ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 20 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläpdi.
Mähriban we edermen türkmen halky bilen tutuş dünýä 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden belleýär. Ýurdumyzda-da bu baýramçylygyň şanyna köp sanly halkara ähmiýetli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar guralýar. Bu dabaralarda edilýän çykyşlarda ýurduň daşary syýasat ugrunyň özeni bolup durýan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara hukugynyň we diplomatiýanyň berk ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gepleşikleriň tejribesini hem-de halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň göwrümli başlangyçlaryň amala aşyrylmagyny özünde jemleýändigi bellenip geçilýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly ýörite Kararnamany – ýurdumyzyň halkara hukuk derejesini tassyklan, dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ilkinji resminamany kabul etdi. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamany biragyzdan kabul etmegi hem Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň dogrulygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu resminamada ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine uly goldawyň berilýändigi, sebitde we dünýäde ähmiýetli ornunyň ykrar edilýändigi beýan edilýär.
Bitaraplyk – bu türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Türkmenistanyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de ýurdumyzyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz dünýäde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistanyň Bitaraplygy biziň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyzdyr. Durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi we esasy maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we ösüşlere beslenen abadan durmuşy üpjün edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň çuňňur mazmunly maksatlaryny amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup, hyzmat edýär. Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ýaly esasy düşünjeler çärýek asyr bäri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny aýdyň häsiýetlendirip geldi” diýip belleýär.
Bu gün ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberindäki ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna, syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa häsiýetli möhüm meseleler çözülende döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegini höweslendirmäge oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň ýüze çykarýar. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu gurama bilen köptaraply ysnyşykly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutulýan strategik ugry bolup durýar.
Döwletimiz BMG-niň jogapkär, uzakmöhletli hyzmatdaşy bolup durýandygyny, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezip, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Şu babatda Bitarap Türkmenistan tarapyndan parahatçylyk döredijilikli uly tejribe toplanyldy. Munuň şeýledigine, hususan-da, Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Täjigistanyň we Owganystanyň içerki dawalaryny syýasy taýdan çözmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzir hem bu tejribe sebitde örän zerurdyr we milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly çözmek, ýaragsyzlanmagyň sebitdäki işlerine ýardam bermek, suw-energetika meseleleriniň sazlaşykly çözülmegi, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, döwrüň howply wehimlerine garşy hereket etmek ýaly wajyp meselelerde BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolmaga taýýardygyny tekrarlaýar.
Şu wezipeleriň çözülmeginde 2007-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine ähmiýetli orun berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen bu iri düzümiň merkezi edarasy hökmünde Aşgabadyň saýlanyp alynmagy sebitiň ähli döwletleri tarapyndan goldanyldy. Şeýlelikde, sebit we dünýä möçberli ykrar edilen parahatçylyk döredijilik merkezleriň biri hökmünde Watanymyzyň abraýy nobatdaky gezek tassyklanyldy.
Golaýda, BMG-niň Baş Assambleýasyndan ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygyna gabatlap, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 17-nji noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny” atly Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistan Bitaraplyk derejesinden ugur alyp hem-de “Açyk gapylar” syýasatyny alyp baryp, beýleki döwletler – goňşy hem-de Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde ýerleşen döwletler bilen özara ysnyşykly hereketlerini işjeň artdyrýarlar. Nebit-gaz serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, soňky ýyllarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, birnäçe iri gaz-eksport taslamalaryny üstünlikli amala aşyrdy.
Bu gün ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ösmegi üçin halkara üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek hakynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan başlangyçlar hem aýratyn möhüm häsiýete eýedir. Häzirki zaman şertlerinde ýaýbaňlandyrylan degişli multimodal düzümleriň bolmagy dünýä möçberinde oňyn işleri höweslendirmegiň aýrylmaz bölegidir hem-de ýurdumyz bu ulgamda öňde duran wezipeleriň çözülmegine mynasyp goşant goşýar.
Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasaty häzirki döwürde möhümdigini we zerurdygyny aýdyň tassyklap, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hemmetaraplaýyn ösüşler hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze geljegi hem-de mümkinçilikleri açýar.
“Zaman-Türkmenistan”.