Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Çaý – mel­hem hem yl­ham” at­ly ese­ri­niň her bir se­ti­ri, her bir jüm­le­si çuň ma­ny-maz­mu­na ýug­ru­lan. Bu ki­tap­da türk­men hal­ky­my­zyň asyr­larbo­ýy çaý iç­mek des­su­ry­ny sun­gat de­re­je­si­ne çen­li ýe­ti­ri­len­di­gi ba­ra­da aý­dyl­ýar. Şeý­le hem dür­li ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra sal­gy­lan­ýar, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ça­ýyň mel­hem­lik tä­si­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Şo­nuň üçin bu ki­tap ta­ryh­çy, alym, luk­man, ýö­ne­keý oky­jy üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gol­lan­ma bo­lup dur­ýar. Şeý­le göw­rüm­li we çuň ma­ny­ly ki­ta­by ýaz­mak luk­man­çy­lyk ug­run­dan çuň bi­lim alan ada­ma ba­şar­dýar. Onuň üçin, il­ki bi­len in­çe duý­gur­lyk ge­rek. Ikin­ji­den bol­sa, türk­men hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­ni iç­gin bi­lip, oňa bo­lan be­ýik söý­gi ge­rek.
Ine, şu zat­la­ryň äh­li­si bi­ziň Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz­da jem­le­nen. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Çaý – mel­hem hem yl­ham” at­ly ese­rin­de Gün­do­gar halk­la­ry­na mah­sus bo­lan çaý iç­mek sun­ga­ty­nyň hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şyn­daky or­ny ba­ra­da­ giňden gürrüň be­ril­ýär. Şeýle hem bu eserde beý­le­ki halk­la­ryň çaý iç­mek me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da nygtalýar. Ga­dy­my hy­taý, ýa­pon halk­la­ry­nyň çaý iç­mek des­sur­la­ry dün­ýä bel­li­dir. Do­gan­lyk türk hal­ky­nyň öz­bo­luş­ly ki­çi­räk bul­gur­lar­da gant bi­len çaý iç­mek des­su­ry bar. Ga­ly­ber­se-de, iň­lis­leriň her gün ag­şam çaý iç­mek des­su­ry bi­ze mä­lim­dir. Em­ma, türk­me­niň ym­gyr Ga­ra­gum çö­lün­de oja­ryň odun­da tüň­çe­de gaý­nap, dem alan ça­ýyň ysy­nam, ta­ga­my­nam hiç bir za­da de­ňä­bem, çal­şy­bam bol­maz.
Bu ki­tap­da çaý – türk­me­niň il­ki hez­ze­ti di­ýip aý­dyl­ýar. Dog­ru­da­nam, türk­men öýü­niň ga­py­syn­dan ät­län ada­ma “Ge­liň, çaý be­re­ýin!” , “Bir kä­se çaý içip gi­diň!” di­ýýän­dir. Bu däp bi­ziň hal­ky­my­za mah­sus­dyr.
As­lyn­da çaý ýü­rek­le­ri, kalp­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ýan se­riş­de­dir. Ça­ýyň ba­şyn­da di­ňe bir ýa­kym­ly söh­bet­ler edil­män, eý­sem, dür­li je­del­li me­se­le­ler­de-de bir pi­ki­re ge­lin­me­gi, dür­li wa­jyp çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi mah­sus­dyr. Bi­ziň hal­ky­myz­da ça­ýy dem­le­mek, ony hö­dür­le­mek we iç­mek des­su­ry öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Çaý içe­niň­de, nä­dip pi­kir­ler um­ma­ny­na ba­typ, aras­sa asu­da gök as­ma­ny, ýa­şyl öw­süp oturan meý­dan­la­ry göz öňü­ňe ge­ti­re­ni­ňi duý­man gal­ýarsyň. Çaý her bir yn­sa­nyň ja­ny­na lez­zet ber­ýär, göw­nü­ňi gö­ter­ýär, ýa­daw­ly­gy ýok ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Çaý – mel­hem hem yl­ham” at­ly ki­ta­by­na yl­my hä­si­ýet mah­sus­dyr. Ça­ýyň 1500-den gow­rak gör­nü­şi­ne duş gel­mek bol­ýar. Gök ça­ýyň dü­zü­min­de 300-den gow­rak hi­mi­ki ele­ment­ler bar. Şol se­bäp­den ol der­man se­riş­de­si hök­mün­de ula­nyl­ýar. Gök çaý­da ug­le­wod­lar, be­lok­lar, mik­roe­le­ment­ler, wi­ta­min­ler, kal­siý, mag­niý, mar­ga­nes, nat­riý we beý­le­ki bir­leş­me­ler bar. Gök çaý adam be­de­ni­niň äh­li ul­ga­my­na we or­gan­la­ry­na oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Ol im­mun ul­ga­my­nyň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar, ýü­rek – da­mar ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ýar, beý­ni­niň da­mar­la­ry­nyň gy­syl­ma­gy­ny ara­dan aýyr­ýar. Gol­land alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, gü­nüň do­wa­myn­da gök ça­ýyň 4 bul­gu­ry­nyň içil­me­gi aor­ta­nyň ate­rosk­le­ro­zy­nyň dö­re­mek tö­wek­gel­çi­li­gi­ni 69% pe­seld­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­ziň hal­ky­my­za “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly yl­my ese­ri­niň birnäçe jiltini peş­geş ber­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de – “Arç­man”, “Ber­zeň­ňi”, “Baý­ra­ma­ly”, “Fa­rap”, “Mol­la­ga­ra”, “Ýy­ly­suw”, “Da­şo­guz” şy­pa­ha­na­la­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şol ese­ri­niň esa­syn­da türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän ot­dur çöp­ler­den dem­len­ýän peý­da­ly mel­hem­lik çaý­la­ry ila­ta hö­dür­len­ýär. Adam­lar şol çaý­la­ry içip, sag­lyk­la­ry­ny di­keld­ýär­ler. El­bet­de, bu zat­la­ryň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­myz ba­ra­da ed­ýän uly ala­da­la­ry ýa­tyr.
Mer­gen Ama­now,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.