Ga­ra çaý içe­gä­niň mik­rof­lo­ra­sy­na oňaý­ly tä­sir edip, hor­lan­ma­ga se­bäp bol­ýar. Şu­nuň ýa­ly ada­ty bol­ma­dyk açy­şy Los An­je­les­dä­ki Ko­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň bi­ler­men­le­ri mä­lim et­di­ler. Oňat dem­le­nen ýo­ka­ry hil­li ga­ra çaý – bioak­tiw mad­da­la­ryň ha­zy­na­sy­dyr. Onuň dü­zü­min­de ka­te­hin, an­ti­ok­si­dant we ko­fe­in ýa­ly kuw­wat­lan­dy­ry­jy mad­da­lar bar.
Bu bol­sa, ABŞ-nyň Oga­ýo uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň tä­ze açy­şy: ga­ra çaý hor­lan­ma­gyň ýe­ňil bol­ma­dyk ýo­lu­na dü­şen­le­re iş­jeň ýar­dam ber­ýär. Alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, ada­myň sy­rat­ly­ly­gy üçin peý­da­ly bo­lan mad­da po­li­fe­nol­lar bo­lup çyk­dy. Ga­ra ça­ýyň içe­ge­dä­ki peý­da­ly bak­te­ri­ýa­la­ry ös­dür­mä­ge kö­mek ed­ýän­di­gi we po­li­fe­nol­la­ryň ha­sa­by­na bag­ryň işi­ni saz­la­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şeý­le hem po­li­fe­nol­lar içe­gä­niň mik­rob­la­ry­ny gyr­ma­ga hem ukyp­ly­dyr. Gem­ri­ji­ler­de ge­çi­ri­len köp san­ly bar­lag­lar­dan soň, şu­nuň ýa­ly ne­ti­jä ge­lin­di. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, çaý­da içe­ge­dä­ki ýag­la­ryň siň­me­gi­ni pe­se dü­şür­ýän bir­leş­me­le­riň uly top­lu­my sak­lan­ýar. Bu tä­sin fer­ment “te­af­la­win” we “tea­ru­bi­gin” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy.
Olar ho­les­te­rin­le­ri la­ýyk çar­çu­wa­da sak­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Bu oňat tä­ze­lik. Ýö­ne süýt­li çaý hor­lan­ma­ga kö­mek et­me­ýär. Çün­ki süýt­dä­ki be­lok­lar çaý­da­ky “te­af­la­win” we “tea­ru­bi­gin­le­ri” dar­gad­ýar­lar. Şo­nuň üçin, eger hor­lan­mak is­le­se­ňiz – süýt­süz çaý içiň, güýç­li we ýag­ly na­har­dan soň­ra, ajy edip ga­ra çaý dem­läň.
Bu gök ça­ýa hem de­giş­li. Ga­ra ça­ýam, gök ça­ýam ada­myň sag­ly­gy­ny ber­ki­dip, hor­lan­ma­ga ýa­rdam ber­ýär. Ýö­ne ýa­kyn gel­jek­de hor­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýän fer­ment­le­re baý bo­lan ça­ýyň tä­ze gör­nü­şi­niň peý­da bol­ma­gy müm­kin. Hä­zir­ki wagt­da alym­lar eý­ýäm, ola­ryň se­lek­si­ýa­sy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Şeý­le ça­ýyň dü­zü­mi­ni bol­sa, süýt hem dar­ga­dyp bil­mez diý­lip, çak edil­ýär.
Şo­nuň ýa­ly hem bar­lag­lar şe­ker­siz çaý di­ňe bir mad­da­la­ryň ça­lyş­ma­sy­na däl, eý­sem, bag­ra hem oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Onuň iş­jeň fer­ment­le­ri ýag ge­pa­to­za­la­ryn­dan, ýag­ny, bag­ry ýag al­mak­dan go­ra­ýar.

Taý­ýar­lan Nar­gi­za RO­ZY­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň ta­ly­by.