Ýaş çatynjalardan we syýahatçylardan «Dynç almak üçin iň meşhur ýer nire?» – diýlip soralanda: «Elbetde, Bali adasy» diýip jogap berýärler. Tebigy gözellikleriň mekany bolan Bali adasy Indoneziýa degişli bolup, Malaý arhipelagynda ýerleşýär. Hindi we Ýuwaş ummany bilen ýuwulýan bu adanyň tutýan meýdany 5 müň 780 inedördül kilometr bolup, adybir welaýatyň merkezinde Denpasar şäheri bar. Romantikleriň adasy 1980-nji ýyllardan soň ýurduň iň meşhur syýahatçylyk merkezine öwrülýär. Bali adasy diňe bir owadan deňiz kenarlary, gür tokaýlyklary, täsin haýwanat dünýäsi bilen tanalman, eýsem, milli we döwrebap tanslary, heýkeltaraşlyk, suratkeşlik sungaty, deri we metal işläp bejermek hem-de ösen aýdym-saz sungaty bilen hem meşhurdyr. Indoneziýanyň halkara film festiwaly hem her ýyl Balide geçirilýär.
Baliniň demirgazyk we gündogar kenarýakasyndaky çägelikler gara reňkli bolup, wulkanlaryň sebite ýaýramagy bilen emele gelipdir. Bali adasy «Müň ybadathana adasy», «Taňry adasy» diýlip hem atlandyrylýar. Sebäbi ekzotik adada, takmynan, 10 müňden gowrak ybadathana bar. Şolaryň arasynda Lempuýang Luhur (Jennetiň derwezesi) ybadathanasy iň meşhury bolup, bu ybadathana soňky ýyllarda syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Aslynda jemgyýetçilik mediýada mahabaty ýetirilýän bu ybadathana kölüň içinde ýerleşmeýär. Kölüň içindäki ybadathananyň suraty ýörite taýýarlanýar. Balidäki ähli ybadathanada swastika nyşanyny görmek bolýar. Nyşanyň ady sanskrit dilindäki «swastika» sözünden gelip çykyp, Balide «hoşniýetlilik, hoşniýetli zat» diýen manyda ulanylýar.
Ýaşyl adanyň 4 milliondan gowrak ilaty bar. Baliniň ýaşaýjylarynyň esasy käri balykçylyk we senetçilik bolup, syýahatçylyk ösen pudak hasaplanýar. Adada täsin däp-dessurlar hem berjaý edilýär. Baliniň özboluşly Täze ýyl baýramçylygy bolan Nýepi güni Saka senenamasyna laýyklykda mart aýynda bellenilip geçilýär. Nýepi gününde 24 sagat dymyşlyk yglan edilýär. Hiç kim birek-birek bilen gepleşmeýär. Hatda şol gün Bali adasyna girmek we çykmak hem gadagan. Ýaşyl adalylaryň ynanjyna görä, Nýepi güni ümsümligiň we parahatçylygyň nyşany hasaplanýar.
Şeýle hem dynç almaga barýan syýahatçylara adadaky islendik ybadathana girmek üçin sarong (bedeniňi örtýän uzyn ýapynja) geýmegi haýyş edilýär. Bu ýerdäki düzgünlere görä ybadathana barýanlaryň egni ýapyk bolmaly. Bu düzgünler Bali adasynda ýaşaýanlaryň ata-babalaryna goýýan hormaty diýlip hasaplanýar. Bali adasyna her ýyl 5 million töweregi syýahatçy barýar.