Ar­heo­lo­gi­ýa grek­çe “ar­ha­ýos” – ga­dy­my hem-de “lo­gos” – öw­ren­me di­ýen söz­ler­den ge­lip çy­kyp, ga­dy­my me­de­ni­ýet­den ga­lan när­se­ler ar­ka­ly adam­za­dyň geç­miş ta­ry­hy­ny öw­ren­ýän ylym­dyr. Oňa zäh­met gu­ral­la­ry, ýa­rag, gur­lu­şyk, be­zeg, gap-gaç we sun­gat eser­le­ri ýa­ly ada­myň eli bi­len dö­re­di­len äh­li zat­lar de­giş­li­dir. Mad­dy çeş­me­ler ýa­zuw çeş­me­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, wa­ka­lar ba­ra­da­ky gös-gö­ni mag­lu­mat­la­ry sak­la­ma­ýar. Şo­nuň üçin olar­dan di­ňe yl­my-bar­lag­lar ar­ka­ly ta­ry­hy ne­ti­je­le­ri alyp bol­ýar. My­sal üçin, ar­heo­log­lar neo­lit döw­rü­niň dü­şel­ge­si­ni bar­lap, ol ýer­den krem­ni­den edi­len zäh­met gu­ra­ly­ny ýa-da süňk­den ýa­sa­lan be­zeg­le­ri tap­ýar­lar. Bu bol­sa, neo­lit jem­gy­ýe­ti­niň ýa­şa­ýyş-dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ar­heo­lo­gi­ýa ýa­zuw çeş­me­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da has-da mö­hüm­dir. Şeý­le hem ar­heo­log­lar ýü­ze çy­ka­ry­lan zat­la­ry de­ňeş­di­rip, ola­ryň kä­mil­leş­me pro­se­si esa­syn­da ta­ry­hy dö­wür­le­ri ýü­ze çy­kar­ýar­lar. Köp ýa­zuw çeş­me­le­ri my­sal üçin, ga­dy­my Mü­sür pa­pi­rus­la­ry di­ňe ar­heo­log­la­ryň zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Adat­ça, ýü­ze çy­ka­ry­lan ta­pyn­dy­lar ozal­ky bar bo­lan ýa­zuw çeş­me­le­ri­ni tas­syk­la­ýar ýa-da üs­tü­ni dol­dur­ýar. Şu gün­ki gün­de ar­heo­lo­gi­ýa bir­syh­ly ös­ýär. Hä­zir ar­heo­log­la­ryň yg­ty­ýa­ryn­da ra­dioug­le­rod we izo­top sel­je­riş­le­ri üçin ze­rur bo­lan en­jam­lar bo­lup, olar ta­pyn­dy­nyň anyk ýa­şy­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ta­pyn­dy­la­ry kon­ser­wa­si­ýa et­me­giň tä­ze usul­la­ry bol­sa, ola­ry çüý­re­mek­den go­rap, ebe­di sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Me­tal­log­ra­fi­ýa bol­sa, me­ta­lyň dü­zü­mi­ni, ge­lip çyky­şy­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Süňk­le­riň dü­zü­mi­niň DNK bar­lag­la­ry ar­heo­log­la­ryň öňün­de tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Ge­le­jek­de ar­heo­log­lar has güýç­li teh­no­lo­gi­ýa we yl­my usu­ly­ýe­te eýe bo­lup, adam­za­dyň ta­ry­hy­ny pa­leo­lit­den baş­lap tä­ze ta­ry­ha çen­li di­kelt­me­giň höt­de­sin­den ge­ler diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Çün­ki adam­za­dyň ýa­zuw ta­ry­hyn­dan aňyr­da gö­rün­män ýa­tan üm­mül­mez dö­wür ýa­tyr.
Ar­heo­lo­gi­ýa adal­ga­sy­ il­kin­ji ge­zek Pla­ton ta­ra­pyn­dan “ge­çen döw­rüň ta­ry­hy” di­ýen ma­ny­da ula­ny­lyp­dyr. Bu sö­ze Pla­ton­dan soň­ra ga­dy­my ta­ryh­çy­la­ryň bi­ri Dio­ni­siý Ga­li­kar­nass­kiý­niň eser­le­rin­de hem ga­bat gel­mek bol­ýar.

Taý­ýar­lan Oguljeren ALLANAZAROWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.