Geografik atlara kartalarda, poçta salgylarynda, gazet makalalarynda, gürrüňlerde köp gabat gelinýär. Ol bize duran ýerimizi anyklamaga, ugrumyzy kesgitlemäge ýardam berýär. Geografik atlaryň manysyny, gelip çykyşyny we özgerişini toponimika ylmy öwrenýär. Toponimika (gerekçeden τόπος (topos) – ýer we оνομα (ōnoma) – at) ýerleriň geografik atlaryny, olaryň ösüşini, häzirki ýagdaýyny, ýazylyşyny we aýdylyşyny öwrenýän ylymdyr. Ol bitewi ylmy ders bolup, geografiýa, taryh we lingwistika ýaly üç ylmyň sepgidinde ýerleşýär.
Toponimika geografiýa bilen mäkäm baglanyşyklydyr: ýer-ýurt atlary hem şol ýeri aýdyň göz öňüne getirmäge, öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şübhesiz, toponimika taryh bilen hem baglanyşyklydyr. Halklar göçüp gidýär, olaryň ornuna gelenlere bolsa, ýerleriň, daglaryň, derýalaryň, kölleriň ady ýadygär galýar. Geografik atlaryň aglaba köpüsi şol döwürlerde bolup geçen taryhy wakalardan habar berýär. Toponimikanyň özi bolsa, has giň gerimli ylym – onomastikanyň bir pudagy bolup, ol dil we atlaryň gelip çykyşy baradaky ylma girýär. Toponimika – haýsydyr bir çäkdäki atlaryň jemidir.
Toponimler şunuň ýaly
synplara bölünýär:
Oýkonim – ilatly ýeriň ady (grekçe oikos – öý, mekan, mesgen, ýurt), gidronim – suw obýektleriniň ady (grekçe hydros – suw), oronim – dagyň, belentligiň ady (grekçe oros – dag), urbanonim – şäher içindäki obýektleriň ady (latynça urbanus – şäher), godonim – köçäniň ady (grekçe hodos – ýol, ugur, köçe, akym), agoronim – meýdanlaryň ady (grekçe agora – meýdan), dromonim – aragatnaşyk ýollarynyň ady (gerkçe dromos – ylgaw, hereket, ýol), makrotoponim – ýaşaýjysyz uly obýektleriň ady (grekçe makros – uly), mikrotoponim – ýaşaýjysyz kiçi obýektleriň ady (grekçe mikros – kiçi), antropotoponim – şahsy atlardan dörän geografik obýektleriň ady (grekçe antropos – adam).
Taýýarlan Azym Tugurow,
Türkmen döwlet binagärlik–gurluşyk
institutynyň talyby.