Häzirki wagtda birnäçe şereketler dikuçarlaryň ýerini tutup biläýjek howa ulaglaryny öndürmek ugrunda bäsleşýärler. Geljekde her kimiň öz hususy howa ulagynyň bolmagyny isleýän “Workhorse” şereketi öz öndüren “Sure Fly” howa ulagyny uçurmaga taýýarlyk görýär. Sekiz sany elektronik motory we bulara güýç berýän dizel hereketlendirijisi bolan “SureFly”-yň kiçijik wentilýatorlary bilen göwresi köp ýer tutmaýar. Ol uglerod süýüminden ýasalandygy üçin agramy 499 kg bolup, sagatda 113 km tizlige ýetmäge ukyply. Adatdan daşary ýagdaýlar üçin goşmaça litiý-ion batareýalar ýerleşdirilipdir. Hünärmenler uçarman tarapyndan dolandyrylýan bu howa ulagynyň geljekde awtomatik usulda uçuryljakdygyny we 181 kg çenli ýük daşamaga kuwwatynyň boljakdygyny belleýärler. Bahasy 200 müň $ bolup, ýakynda “Tesla” şereketiniň köpçülige görkezen “Roadster” modelinden hem arzandyr. Las-Wegasda geçiriljek “CES-2018” sergisinde “SureFly”-iň ilkinji gezek synag uçuşyny amala aşyrjakdygy mälim edildi.