Eýran Yslam Respublikasy bilen Yragyň arasynda nebit eksporty babatda ylalaşyga gol çekildi. Yragyň Kirkuk ýatagyndan her gün 30-60 müň barrel möçberinde nebitiň Eýrana eksport edilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Yragyň nebit ministri Jabbar al-Laibi habar berdi.
– Yragyň “SOMO” nebit-marketing kompaniýasy bilen eýran tarapynyň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, nebit önümleri ýörite uly göwrümli gaplara guýlup, Eýranyň serhetýaka Kermanşah welaýatyna iberiler. Eýran tarapy hem şol mukdardaky nebit önümlerini Yragyň günortasyndaky porta ugradar – diýip, ministr gürrüň berdi.