ABŞ-nyň hö­kü­me­ti älem gi­ňiş­li­gi­ni tä­ze­den öz­leş­dir­mä­ge gi­riş­di. Ýur­duň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, ABŞ Aýa tä­ze­den ast­ro­nawt ibe­rip, adam­la­ryň Mar­sa sy­ýa­hat et­me­gi­ni gu­ra­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
– Tä­ze res­mi­na­ma ýur­duň kos­mos mak­sat­na­ma­sy­ny gaý­ta­dan güýç­len­di­rer. 1972-nji ýyl­dan soň­ra ame­ri­ka­ly ast­ro­nawt­lar tä­ze­den Aýa do­la­nar­lar. Bu ge­zek Mar­sa uçuş­la­ry hem ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýa­rys – di­ýip, Do­nald Tramp bel­le­di.
Do­nald Tramp saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky me­ýil­na­ma­syn­da­ky wa­da­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge baş­la­dy. Ol ABŞ-nyň tä­ze­den uly kos­mos ýur­duna öwrüljekdigi ba­ra­da­ky wa­da­sy­ny ýat­lap, bu ba­ra­da iş­le­nip dü­zü­len mak­sat­na­ma­ny tas­syk­la­dy. Tram­pyň me­ýil­na­ma­sy­na gö­rä, ast­ro­nawt­lar Aýa do­la­nyp ba­ryp, şol ýer­de göz­leg iş­le­ri­ni do­wam et­di­rer­ler. Bu mak­sat­na­ma­nyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, Mars pla­ne­ta­sy­na sy­ýa­hat gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
ABŞ-nyň kos­mos agent­li­gi bo­lan NA­SA bu me­ýil­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de tej­ri­be­li bäs­deş­ler bi­len bäs­leş­me­li bo­lar. Hy­ta­ýyň hem-de işe­wür Ilon Mas­kyň Aý hem-de Mars ba­bat­da öz me­ýil­na­ma­la­ry bar. Şo­nuň üçin ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň res­mi­na­ma­syn­da hem döw­let hem-de hu­su­sy gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.