Bosniýa we Gersegowiniýanyň paýtagty Saraýewo şäherinde 20 adam şol birwagtda bir pianinony çalyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Şäheriň balet we saz mekdebiniň 20 okuwçysyndan ybarat topar pianinoda saz çalyp, öz ussatlygyny görkezdiler. Bu çäre şäheriň taryhy kitaphanasynda geçirildi. Oňa şäheriň köp sanly ýaşaýjysy gatnaşdy. Mundan ozalky rekord 2014-nji ýylda Italiýada goýlupdy. Şonda 18 adam bir pianinonyň başyna geçip, saz çalypdy. Bu gezek bolsa, okuwçylar fransiýaly kompozitor Albert Lawinýagyň “Galop Marke” sazyny ýerine ýetirdiler. Çäräniň guraýjysy “Tattile” fortepiano we saz edarasynyň ýolbaşçysy Iwa Pasiç ýaşlaryň aýdym-saza bolan gyzyklanmasyny artdyrmak üçin şeýle dabarany gurnamagy göz öňünde tutandyklaryny we rekord goýmak üçin sentýabr aýyndan bäri taýýarlyk görendiklerini aýtdy.