Fransiýanyň bilim ministri Žan-Mişel Blanke 2018-nji ýyldan başlap, ýurduň çägindäki başlangyç hem-de orta mekdeplerde mobil telefonlardan peýdalanmaga gadaganlyk girizjekdiklerini mälim etdi. Ol bu barada RTL radioýaýlymyna, “Figaro” neşirine hem-de LCI teleýaýlymyna beren beýanatynda habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, okuwçylar biri-biri bilen aragatnaşykda bolmagyň ýerine telefonyna köp gyzyklanma bildirmegi bilim üçin örän uly mesele bolup durýar. Okuwçylar mekdebe mobil telefonyny getirip bilerler, ýöne ony ýörite saklanýan ýerde goýarlar we diňe adatdan daşary ýagdaýda ulanmaga rugsat berler.
– Häzirki wagtda çagalar dersleriň arasyndaky arakesmede biri-biri bilen oýnamaýarlar. Olar wagtyny telefonyna seredip, sarp edýärler. Bu ýagdaý bilim nukdaýnazaryndan örän uly mesele. Biz mobil telefonyny gadagan etmegiň üstünde işleýäris. Olar diňe pedogiki maksatlar hem-de adatdan daşary ýagdaýlar üçin gerek bolar. Şonuň üçin olar gulpuň aşagynda bolmaly – diýip bellenilýär.
Fransiýada ozaldan bäri, ders wagtynda mobil telefonyndan peýdalanmak kanuny taýdan gadagan edildi. Indi bolsa, arakesme wagtlarynda-da ondan peýdalanmagy gadagan etmek göz öňünde tutulýar.