Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň hö­kü­me­ti 2018-nji ýy­lyň mart aýyn­dan baş­lap, ýur­duň çä­gin­dä­ki äh­li ki­no­teatr­la­ry tä­ze­den aç­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Güý­men­jä­niň bu gör­nü­şi pa­ty­şa­lyk­da 1980-nji ýy­lyň baş­la­ryn­da ga­da­gan edi­lip­di.
– Pa­ty­şa­lyk­da­ky ki­no­teatr­la­ryň açyl­ma­gy üçin de­giş­li rug­sat­na­ma­lar ber­lip baş­lan­dy – di­ýip, ýur­duň me­de­ni­ýet we mag­lu­mat mi­nist­ri Aw­wad bin Sa­leh Aw­wad gür­rüň ber­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, ki­no­teatr­la­ryň açyl­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­ne hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­na go­şant go­şar. Me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň ge­ri­mi gi­ňär, ýurt­da güý­men­je, ylym-bi­lim we iş­li­lik ugur­la­ryn­da tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­ler.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň döw­let ma­ýa go­ýum gaz­na­sy ki­no­teatr­la­ryň açyl­ma­gy bi­len ABŞ-nyň “AMC En­ter­ta­in­ment Hol­dings” ki­no­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­gi göz öňün­de tut­ýar.
ABŞ-nyň kom­pa­ni­ýa­sy ki­no­senagatynda öň­de­ba­ry­jy­la­ryň bi­ri­dir. Ol ki­no pro­kat­la­ry­nyň ara­syn­da öň­de­li­gi eýe­läp, tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça 1 müň­den gow­rak ki­no­te­at­ry bar. Mun­dan baş­ga-da, “VOX Cine­mas” kom­pa­ni­ýa­syn­a de­giş­li Du­ba­ýyň “Ma­jid Al Fut­ta­im” söw­da mer­ke­zi hem Sa­ud Ara­bys­ta­ny­da ki­no­teatr aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. 2030-njy ýy­la çen­li Sa­ud Ara­bys­ta­ny­da 300-den gow­rak ki­no­teatr açy­lar.
Bu ugur­da­ky çe­me­leş­me ýur­duň mi­ras­dü­şer şa­za­da­sy Mo­ham­med bin Sal­ma­nyň yk­dy­sa­dy we dur­muş öz­gert­me­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len 2030-njy ýy­la çen­li kon­sep­si­ýa­nyň no­bat­da­ky ädi­mi bol­dy.