“Universal Pictures” studiýasynyň önümi bolan “Görnüksiz men” (Despicable Me) animasiýalar seriýasynyň prokatdan umumy ýygnany 5 milliard dollardan geçdi. Häzirki wagtda ekranlarda görkezilýän “Görnüksiz men 4” multfilminiň prokatlardan 438 million dollar toplamagyndan soň umumy seriýanyň girdejisi 5 milliard dollardan köp boldy. Şeýlelikde, “Görnüksiz men” animasiýalar seriýasy 5 milliard dollara ýeten ilkinji animasiýa franşizasy hökmünde hasaba alyndy.

Ilkinjisi 2010-njy ýylda ekranlara çykan animasiýanyň 4 multfilmi (Görnüksiz men 1-2-3-4) hem-de spin-off (esasy filmiň bir gahrymanyň aýratynlykda başdan geçirmesi) multfilmi, ýagny ýanama filmi “Minionlar” animasiýasanyň  1-2-nji bölümleri halk köpçüligine ýetirilipdi. Umumylykda 6 multfilm üçin 479 million dollar çykdajy edildi. Seriýanyň iň köp girdeji gazanan bölümi 2015-nji ýyldaky “Minionlar” hem-de 2017-nji ýylda ekranlara çykan “Görnüksiz men 3” multfilmleridir. Ýeri gelende bellesek, “Minionlar 3” multfilmi-de 2027-nji ýylda ekranlara çykar.

Iň köp girdeji gazanan animasiýa franşizalarynyň sanawynda “Görnüksiz men” animasiýalaryndan soň 2-nji ýeri “Şrek” (Shrek), 3-nji orny-de “Oýnawaçlaryň hekaýasy” (Toy Story) animasiýalary eýeleýär. “Şrek” animasiýalar franşizasy “Şrek” hem-de “Ädikli pişik” multfilmlerini, jemi 6 sany ekran eserini özünde jemläp, 4 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. “Oýnawaçlaryň hekaýasy” bolsa 4 esasy bölüm hem-de spin-off multfilmi “Bazz Laýtýer” (Lightyear) bilen bilelikde 5 ekran eseri prokatlardan 3 milliard 270 million dollar kassa ýygymyny toplady.