Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan söwda nokatlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri, haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek, ilata döwrebap hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, elektron söwda dükanlarynyň üsti bilen bu harytlary halka hödürlemek hem-de eltip bermek hyzmatlary ýola goýlar. Şeýle hem mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli guramagyň teklip edilýändigi bellenildi.
Bu barada 19-njy iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi.