Birleşen Milletler Guramasy 2100-nji ýyla çenli çaga dogluşynyň derejesi pes we garrylygyň derejesi ýokary bolan ýurtlarda migrasiýanyň “özgerişligiň esasy hereketlendiriji güýji” hem-de demografik dinamika boljakdygyny öňe sürýär.
BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti tarapyndan taýýarlanan “Dünýäniň demografik geljegi – 2024” atly hasabatda 2054-nji ýyla çenli halkara migrasiýasy 52 ýurtda ilatyň köpelmeginiň esasy hereketlendirijisi bolar we bu san 2100-nji ýyla çenli 62 ýurda ýeter diýlip bellenilýär.
“Halkara migrasiýa biziň dünýämizi emele getirýän esasy demografik meýilleriň biridir. Eger-de biz kynçylyklary ýeňip geçip, mümkinçiliklerden peýdalansak, inklýuziw we durnukly ösüşi gazanmak üçin tagallalarymyzy çaltlaşdyryp bileris” diýlip, BMG-niň hasabatynda tassyklanýar.
Hasabatda Awstraliýa, Kanada we ABŞ ýaly çaga dogluşy has pes derejeli bolan ýurtlarda migrasiýa ilatyň köpelmegine sebäp boljakdygy bellenilýär. BMG-niň geçiren barlaglaryna görä, mysal üçin, ABŞ-da 2054-nji we 2100-nji ýylda ilat “migrasiýa hasaba alynmanda”, degişlilikde, 13 we 36 göterim pes bolar.
Migrasiýa ölüm derejesini peseltmekden başga-da, dogluş derejesiniň “ýerini dolmaga kömek eder” hem-de Daniýa, Finlýandiýa, Islandiýa, Irlandiýa, Niderlandlar, Norwegiýa we Şweýsariýa ýaly ýurtlarda ilatyň köpelmegine mümkinçilik döreder.