Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 8-nji ýaryşy Latwiýanyň Liepaža şäherinde geçirildi. 20 aýlawdan ybarat bolan 300,13 kilometrlik ýaryşda soňky 2 möwsümiň çempiony Kalle Rowanpera ýeňiş gazandy. “Toyota Gazoo” toparynyň fin sürüjisi ýaryşy 2 sagat 31 minut 47,6 sekuntda tamamlady. Bu onuň bassyr 2-nji möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 14-nji ýeňşidir.

Ýaryşda ýeňijiden 39,2 sekunt giç pellehana gelen “Toyota Gazoo” toparynyň başga bir sürüjisi, fransiýaly Sebastian Ožie 2-nji orna mynasyp boldy. “Hyundai Shell Mobis” toparynyň estoniýaly Otta Tanak ýeňijiden 1 minut 4,5 sekunt yza galyp, 3-nji ýeri eýeledi. “M-Sport Ford” toparyndan fransiýaly Adrien Furmonyň 4-nji ýeri eýelänn ýaryşynda sanawyň lideri belgiýaly Tierri Noýwill (“Hyundai Shell Mobis”) 8-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Möwsümiň tamamlanmagyna 5 ýaryş galanda, sürüjileriň sanawynda Tierri Noýwill 145 utuk bilen 1-nji orny eýelep gelýär. 137 utugy bolan Ott Tanak 2-nji, 132 utukly Elfin Ewans 3-nji orunda barýar. Sebastien Ožieniň 4-nji, Adrien Furmonyň 5-njy orunda barýan sanawynda soňky 2 ýaryşyň ýeňijisi, häzirki çempion Kalle Rowanpera 86 utuk bilen 6-njy ýeri eýeleýär.

Möwsümiň 9-njy ýaryşy 1-nji awgustda Finlýandiýanyň Ýuýaskýulýa şäherinde geçiriler.