Režissýor Dewid Frankeliň surata düşüren “Şeýtan Prada geýýär” (Devil Wears Prada) filminiň ikinjisiniň surata düşüriljekdigi habar berildi. Ilkinjisi 2006-njy ýylda ekranlaşdyrylyp, filmde Enn Heteweý, Meril Strip, Adrian Grenier, Emili Blant ýaly belli artistler esasy keşpleri janlandyrypdy. 35 million dollarlyk býujetli kino prokatlardan 326 million dollar toplapdy. Häzirki wagtda “Disney” studiýasy bilen 1-nji filmiň ssenariçisi Alin Broş MakKennanyň arasynda gepleşikler geçirilip başlandy. Täze filmde Meril Strip bilen Emili Blantyň ozalky keşplerinde surata düşjekdigi habar berlip, Enn Heteweýiň öňümizdäki günlerde keşbine dolanmaga razylyk bermegine garaşylýar. Täze filmde žurnalyň sanly tehnologiýa ulgamyň garşysynda çapdan çykýan nusgasynyň pese gaçyşy barada söhbet açylar. Filmiň režissýor hem-de haçan ekranlara çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl.