“Walt Disney” kompaniýasy dünýäniň iň baý işewürleriniň hatarynda durýan mediamagnat Rupert Merdogyň “21st Century Fox” şereketini satyn alýar. Uzak wagtlap dowam eden gepleşikleriň ahyrynda bu barada ylalaşyga gelindi. Geleşigiň bahasy 52,4 milliard dollara deň boldy. Geleşigiň şertlerine laýyklykda, “Disney” kompaniýasy “Fox”-a degişli “Sky” emeli hemra kanalynyň paýnamalarynyň 39 göterimine, “20th Century Fox” kinostudiýasyna, “National Geographic” ýaýlymyna we mediakompaniýanyň beýleki ýurtlardaky şahamçalaryna eýe bolar. “Disneý” kompaniýasy satyn alýan şereketiniň 14 milliard dollara barabar bolan bergilerini hem öz üstüne alýar.
“Fox” kompaniýasy habarlar hem-de sport ýaýlymlaryny özünde galdyrdy we olaryň esasynda täze kompaniýany döretmegi göz öňünde tutýar.
Bu geleşigi 2018-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Şonuň netijesinde, “Sky” teleýaýlymy dolulygyna “Disney” kompaniýasynyň gözegçiligine geçer. Bu geleşik 86 ýaşly mediamagnat Rupert Merdogyň ýarym asyrlyk işewürlik söwdasynyň kem-kemden azalmagyna getirer. Ol 21 ýyldan öň, kakasyndan miras galan Awstraliýanyň gazetiniň esasynda dünýäniň iň uly media şalygyny döretdi. Ol mundan beýläk öz işlerini ogullary Jeýmse hem-de Laklana tabşyrar.
“Walt Disney” iri kompaniýalar toparyny satyn alyp, “Netflix” we “Amazon” ýaly ägirt uly kompaniýalar bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy.