Şu ýy­lyň 18-nji de­kab­ryn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da 2018-nji ýy­lyň 18-nji mar­tyn­da ge­çi­ril­jek mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka bo­lan Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň öň­ ýa­nyn­da­ky saý­law möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Ýur­duň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy El­la Pam­fi­lo­wa hä­zir­ki wagt­da 34 ada­myň saý­law­la­ra gat­naş­ma­ga is­leg bil­di­rýän­di­gi­ni, Rus­si­ýa­nyň saý­law ul­ga­my­nyň saý­law­la­ry ge­çir­mä­ge do­ly taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Rus­si­ýa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin hem saý­law­la­ra ga­raş­syz da­laş­gär hök­mün­de gat­naş­jak­dy­gyny aýt­dy.
Ýurt­da saý­law möw­sü­mi ba­dal­ga al­dy. Öz­baş­dak da­laş­gär bol­mak isleýän da­laş­gär­le­r 20 gü­nüň do­wa­myn­da öz ta­rap­dar­la­ry­ny ýyg­nap, Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­na de­giş­li res­mi­na­ma­lar bi­len ýüz tut­ma­ly­dyr. Par­ti­ýa­la­ryň da­laş­gär­le­ri üçin 25 gün bar. Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, öz­baş­dak da­laş­gär­ler gol­daw üçin 300 müň saý­law­çy­nyň go­lu­ny ýyg­na­ma­ly bol­ar.
2018-nji ýyl­da­ky Pre­zi­dent saý­la­wy üçin fe­de­ral býu­jet­den 14,807 mil­liard rubl bö­lü­nip be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da saý­law­la­ra gat­naş­ma­ga is­leg bil­di­rýän­le­riň ha­ta­ryn­da te­le­ýaý­ly­myň alyp ba­ry­jy­sy we žur­na­list Kse­ni­ýa Sob­çak, işe­wür om­buds­me­ni Bo­ris Ti­tow, te­le­ýaý­lymyň alyp ba­ry­jy­sy Ýe­ka­te­ri­na Gor­don, “Ýab­lo­ka” par­ti­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri Gri­go­riý Ýaw­lins­kiý, “Woz­rož­de­ni­ýa” he­re­ke­ti­niň ýol­baş­çy­sy Alek­sandr Çuh­le­bow, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­syn­da LDPR frak­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Wla­di­mir Žiri­nows­kiý bar.
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 2018-nji ýy­lyň 25-nji few­ra­lyn­da wag­tyn­dan öň ses be­r­lişi­giň ge­çi­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Saý­law gü­ni ses be­r­lişi­ge gat­na­şyp bil­me­jek saý­law­çy­lar 25-nji few­ral­da ses ber­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lar.
Ýurt­da Pre­zi­dent saý­la­wy­na da­laş­gär gör­kez­mä­ge hu­ku­gy bo­lan 67 par­ti­ýa­dan di­ňe 4-si­ne da­laş­gär­le­ri üçin gol ýyg­na­mak ze­rur­ly­gy ýok. Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, bu düz­gü­ne la­ýyk gel­ýän 4 sy­ýa­sy par­ti­ýa bar, olar hem – “Ýe­di­na­ýa Ros­si­ýa”, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy hem-de “Spra­wed­li­wa­ýa Ros­si­ýa” par­ti­ýa­sy­dyr.
2018-nji ýy­lyň 31-nji ýan­wa­ry­na çen­li da­laş­gär­ler ha­sa­ba dur­mak üçin Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­na ze­rur res­mi­na­ma­la­ry tab­şy­ryp bil­ýär­ler. Da­laş­gär­ler 12-nji mar­ta çen­li saý­law­la­ra gat­naş­mak­dan meý­le­tin ýüz öw­rüp bi­ler­ler.
Rus­si­ýa­da döw­let baş­tu­ta­ny 6ýyl­lyk möh­le­te saý­lan­ýar.