– Biz ata-babalarymyzdan galan mirasymyz bolan düýelerimiz hakda alada etmelidiris. Olaryň baş sanyny köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem bejergi işlerini hem ýola goýduk. Munuň üçin häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan weterinar gullugyny döretdik – diýip, hassahananyň müdiri Muhammed al-Buluşi gürrüň berdi. Bu hassahananyň gurluşygy üçin 11 million dollar sarp edildi. Onuň gurluşygy geçen ýyl tamamlanypdy, ýöne ilkinji müşderilerini golaýda kabul edip başlady. Bu ýerde Hindistandan, Beýik Britaniýadan, Ispaniýadan hem-de Meksikadan gelen hünärmenler işleýär. Hassahanada bir wagtda 20-ä golaý jandara hyzmat etmäge mümkinçilik bar. Bu ýerde diňe bir bejergi işleri bilen meşgullanylman, eýsem bu jandaryň organizminiň gurluşy barada barlag işleri amala aşyrylýar. Düýe çapyşyklary hem-de düýeleriň gözellik bäsleşigi Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylarynyň halaýan güýmenjeleriniň biridir.