Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçisi Elizabet Rud 24-nji iýulda Türkmenistana geldi we ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda işlemäge başlady. Ilçi Rud Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde 2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda kasam kabul etdi we Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa 2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda ynanç hatlaryny gowşurdy. Ol öz wezipesiniň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hökümetara we adamlar bilen gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Ilçi Rud Uly Daşary Işler Gullugynyň geňeşçi-wekil derejesindäki karýera agzasydyr. Ol öňki wezipelerinde ABŞ-nyň Russiýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary; ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň Harby kollejiniň fakultet geňeşçisi; ABŞ-nyň Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary; ABŞ-nyň Owganystanyň Kabul şäherindäki ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi hökmünde işledi. Ilçi Rud ozal Döwlet departamentiniň Halkara howpsuzlyk we ýarag ýaýratmazlyk býurosynda Eksport gözegçiligi we hyzmatdaşlyk gullugyna, Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri býurosynda Kawkaz we sebit konfliktleri boýunça gullugyna, şeýle hem Daşary işler institutynyň Durnuklylyk operasiýalary bölümine ýolbaşçylyk edipdi. Ozalky wezipeleriniň arasynda Awstriýada, Germaniýada we Pakistanda, şeýle hem Waşingtonda gulluk etmek bar.
Ilçi Rud Döwlet departamentiniň köp sanly ýokary netijelilik baýraklarynyň, şol sanda üç sany Uly Daşary Işler Gullugynyň ýokary netijelilik baýraklarynyň eýesidir. Demirgazyk Karolinanyň ýaşaýjysy bolmak bilen, ol Merilend uniwersitetinden magistr derejesini we Randolf-Makon zenanlar kollejinden bakalawr derejesini aldy. Ol rus, fransuz, nemes, puştu, dari, gruzin we türkmen dillerini bilýär.