Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­den hy­ýa­ly­ňa gel­ýän se­tir­ler dün­ýä akyl­dar­la­ry­nyň, alym­la­ry­nyň ru­hy mi­ra­sy­nyň gym­ma­ty­nyň nä­de­re­je­de ýo­ka­ry­dy­gy­ny yk­rar ed­ýär. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ryn­da öz döw­rü­ne çen­li ýa­şap ge­çen bel­li şah­sy­ýet­le­riň dö­re­di­ji­li­gi­ne ýüz­le­nil­ýär, akyl­dar­la­ryň gym­mat­ly ha­zy­na­sy­na oky­jy­nyň ün­si çe­kil­ýär. Şeý­le­lik­de, türk­men di­li­niň söz baý­ly­gy­nyň ma­ny öwüş­gin­li­li­gi­ne, sö­züň asyl­ky ma­ny­sy­nyň akyl­dar­la­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de şol bir ma­ny­sy­ny sak­lap ga­lan­dy­gy­na göz ýe­tir­mek müm­kin. Ga­dy­my Gün­do­ga­ryň us­sat fi­lo­so­fy, alym akyl­da­ry Omar Haý­ýam­da şeý­le se­tir­ler bar:
Me­niň ta­ra­pym­dan Haý­ýa­ma sa­lam,
Soň­ra aý­dyň, ham eke­niň eý, Haý­ýam.
Us­sat şeý­le diý­mek bi­len, özü­niň he­niz köp za­dy öw­ren­me­li­di­gi­ni, köp za­da akyl ýe­tir­me­li­di­gi­ni nyg­ta­ýar.
Akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­da hem edil şo­nuň bi­len ugur­daş ma­ny­da ge­ti­ril­ýän se­tir­le­re sal­gy­la­na­lyň:
Ja­hyl­lyk­da çar ta­ra­pa aty­şan,
Bil­mez­lik­de ham iş­le­re ga­ty­şan.
Hä­zir­ki za­man türk­men di­lin­de «ham» sö­zü­niň ma­ny­sy daş­ky de­ri ör­tü­gi­ni aň­lad­ýar. Em­ma bu sö­zi söz için­de ge­ti­rip ula­na­nyň­da, onuň ma­ny­sy pi­ki­ri­ňe gö­rä ma­ny ber­ýär. «Ham» sö­zi ar­ka­ly şeý­le ma­ny ber­ýän se­tir Je­la­led­din Ru­my­da hem bar: «Ham­dym, biş­dim, köý­düm». «Ham» sö­zi hem söz­lük­den gör­nü­şi ýa­ly, «çig», «biş­me­dik», «ýa­ňy do­gan» di­ýen ma­ny­la­ry ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu söz en­tek dur­muş tej­ri­be­si bol­ma­dyk, işe bi­şiş­me­dik di­ýen ma­ny­lar­da ge­lip bil­ýär.
Gün­de ýüz köý ge­ler-ge­çer bu ba­şa,
Agyrt­ma, sö­züm­ni ýyk­ma­gyl og­lum.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýo­kar­ky se­tir­le­rin­dä­ki «köý» sö­zi «hy­ýal», «pi­kir» di­ýen ma­ny­la­ry ber­ýär. Akyl­dar şa­hy­ryň öz goş­gu­la­ry­nyň üs­ti bi­len hal­ky­my­za ba­ky mi­ras go­ýan ga­dy­my kö­ne söz­le­ri türk­me­niň al­tyn ha­zy­na­sy­na öw­rül­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ryn­da­ky söz­le­riň ma­ny aň­la­dyş aý­ra­tyn­ly­gy Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň ýa­zuw nus­ga­la­ry bi­len de­ňeş­di­ri­lip öw­re­ni­len­de, söz­le­riň ma­ny­sy­nyň şol bir asyl­ky ma­ny­sy­ny sak­lap gal­ýan­dy­gy gö­rün­ýär. Şeý­le der­ňew­le­riň ge­çi­ril­me­gi şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne has çuň dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Sü­leý­man Ne­pe­sow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.