Ýe­li­za­we­ta II port­re­ti auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Meş­hur est­ra­da aý­dym­çy­sy Maýkl Jek­son ta­ra­pyn­dan çe­ki­len mer­hum bri­tan Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II port­re­ti auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Port­re­te 10 müň dol­lar ba­ha ke­sil­di. Auk­si­on 3-nji aw­gust­da me­ýil­leş­di­ril­ýär we gir­de­ji­niň bir bö­le­gi ha­ýyr-sa­ha­wa­ta gö­nük­di­ri­ler.

Dün­ýä­niň iň meş­hur mo­da bren­di. «Lyst» sel­je­riş plat­for­ma­sy 2024-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gi­niň je­mi bo­ýun­ça iň meş­hur mo­da brend­le­ri­niň sa­na­wy­ny hö­dür­le­di. Bi­rin­ji or­ny «Loe­we» is­pan mar­ka­sy eýe­le­di. Ol bu babatda Ita­li­ýa­nyň «Miu Miu» bren­di­nden öňe geçdi. Li­der­le­riň üç­lü­gi­ne «Pra­da» hem gir­di. Il­kin­ji bäş­li­gi «Saint Lau­rent» we «Bot­te­ga Vene­ta» brendleri jem­le­di.

Öküz uruş­la­ry ga­da­gan edi­ler. Ko­lum­bi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Gus­ta­wo Pet­ro 2027-nji ýyl­dan baş­lap, ýurt­da öküz uruş­dyr­ma­gy ga­da­gan ed­ýän ka­nu­na gol çek­di. Par­la­ment ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­nan ka­nun­da öküz uruş­la­ry­ny do­ly ýa­tyr­ma­ga çen­li üç ýyl­lyk ge­çiş möh­le­ti göz öňün­de tu­tu­lan. Bu wag­tyň do­wa­myn­da öküz uruş­la­ry­ny ge­çir­mä­ge rug­sat ber­ler.

Dün­ýä­niň iň gö­zel ze­na­ny. 28 ýaş­ly ame­ri­kan-bri­tan akt­ri­sa­sy An­ýa Teý­lor-Joý al­tyn kes­git­le­me düz­gün­le­ri bo­ýun­ça dün­ýä­de iň owa­dan ze­nan diý­lip yg­lan edil­di. Bri­ta­ni­ýa­ly plas­ti­ki hi­rurg Ju­li­an de Sil­wa şeý­le ne­ti­jä gel­di. «Teý­lor-Joý ýü­zü­niň äh­li bö­lek­le­ri fi­zi­ki kä­mil­lik nuk­daý­na­za­ryn­dan öl­çe­nen­de, ýe­ňi­ji bol­dy» di­ýip, luk­man bel­le­di.

Ma­ra­do­na­nyň köý­nek­çe­si auk­si­on­da. Ar­gen­ti­na­ly Die­go Ma­ra­do­na­nyň 1986-njy ýy­lda geçirilen Dün­ýä kubogy­nyň ýa­rym fi­nal oýnunda geýen köý­nek­çe­si «Sot­he­by’s» auk­sio­nyn­a çy­ka­ryl­dy. Lo­tuň baş­lan­gyç ba­ha­sy 700 müň dol­lar. Auk­si­on öýü­niň ha­sa­by bo­ýun­ça, köý­nek­çä­niň ba­ha­sy 800 müň – 1,2 mil­li­on dol­lar ara­ly­gyn­da bo­lar.

70 ýa­şyn­da dip­lom al­dy. Ma­laý­zi­ýa­ly Toh Hong-Keng 70 ýa­şyn­da luk­man­çy­lyk dip­lo­my­ny al­dy. Ol Fi­lip­pin­le­riň PHIN­MA uni­wer­si­te­ti­ni ta­mam­la­dy. Onuň haý­sy hü­när ug­ru­ny gu­ta­ran­dy­gy gör­ke­zil­me­ýär. Go­laý­da uçu­rym bo­lan Hong-Keng Se­bu şä­he­rin­dä­ki uni­wer­si­te­te 2019-njy ýyl­da, 66 ýa­şyn­da­ka ka­bul edi­len eken.

Top­ra­gyň gat­lak­la­ry­ny ber­ki­der. Per­miň mil­li bar­lag po­li­teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti­niň (Rus­si­ýa) bar­lag­çy­la­ry so­da önüm­çi­li­gi­niň ga­lyn­dy­la­ry­ny – kal­siý kar­bo­na­ty­nyň kül­ke­si­ni ula­nyp, ulag ýol­la­ry­nyň top­rak gat­lak­la­ry­ny ber­kit­me­giň usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Bi­ler­men­ler bu usu­lyň ýol gur­lu­şy­gy­nyň çyk­da­jy­la­ry­ny azalt­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

Mar­so­hod açyş et­di. 2012-nji ýyl­dan bä­ri Gy­zyl pla­ne­ta­ny öw­ren­ýän «Curio­si­ty» mar­so­ho­dy ga­ra­şyl­ma­dyk açyş et­di. «Sul­fa­ta baý se­bi­ti göz­läp ýör­kä, «Curio­si­ty» tö­tän­den bir da­şy döw­di we onuň için­de sa­ry aras­sa kü­kürt kris­tal­la­ry­nyň üýş­me­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy» di­ýip, NA­SA-nyň Re­ak­tiw he­re­ket bar­lag­ha­na­sy ha­bar ber­ýär.

Kin­di­wan­ja dron dö­re­dil­di. Ni­der­land­lar­da­ky Delft teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry kin­di­wan­ja dro­ny dö­ret­di­ler. «Cra­zyF­lie» dro­ny­nyň ag­ra­my 56 gram bo­lup, olar­da ga­ryn­ja­la­ryň ugur kes­git­le­ýiş uky­by­na meň­ze­ýän na­wi­ga­si­on ul­gam bar. Şeý­le dron­lar am­mar­la­ra gö­zeg­çi­lik et­mek, gaz sy­zyş­la­ry­ny tap­mak ýa­ly iş­ler­de ula­ny­lyp bil­ner.