Ýene-de sanlyja günden 2017-nji ýyl tamamlanyp, 2018-nji ýyla ädim ädiler. Täze ýylda halkara syýasatynda käbir garaşylýan wakalara ser salanymyzda esasan saýlawlar birinji orna çykýar. Russiýada we Ýewropanyň birnäçe ýurdunda Prezident saýlawlary geçiriler. Şeýle hem indiki ýyl amerikalylar hem saýlaw uçastoklaryna giderler, ýöne bu gezek olarda Kongresiň agzalary saýlanar. Bulardan başga-da, Kubada uly özgerişliklere garaşylýar. Ýurdy takmynan, 60 ýyldan bäri dolandyryp gelýän – 1959-njy ýyldan bäri Fidel Kastro we ondan soňra dogany Raul Kastrolaryň döwri tamamlanýar.
2018-nji ýylyň saýlawlary
Geljek ýyl birnäçe ýurtda döwlet Baştutanlygynyň saýlawlary geçiriler. Finlýandiýadaky saýlawlarda ýurduň häzirki Prezidenti Saul Niinistäniň gaýtadan saýlanmagyna garaşylýar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýene-de bir agzasy Wengriýada Prezident saýlawlary geçiriler. Gruziýanyň raýatlary täze ýylda täze döwlet Baştutanyny saýlarlar. Ýurtda iň soňky gezek ählihalk saýlawlary geçiriler. Şu ýylyň oktýabr aýynda parlament tarapyndan ýurduň Konstitusiýasyna düzedişler girizildi. 2024-nji ýylda güýje girjek täze düzgünnama görä, döwlet Baştutanyny saýlaw kollegiýasynyň bellenen 300 agzasy saýlar. Ýurduň ozalky parlamentiniň ýolbaşçysy Nino Burdžanadze, häzirki Prezident Georgiý Margwelaşwili saýlawlara gatnaşmaga isleg bildirdi.