Dünýä belli futbolçy Jorj Wea Liberiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanyp, ýurduň täze Baştutany boldy. Soňky maglumatlara görä, Wea ýurduň 15 sebitiniň 12-si boýunça sesleriň köp bölegine eýe bolup, ýurduň häzirki wise-prezidenti Jozef Boakaýadan öňe saýlandy. Ýurtda Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 10-njy oktýabrda geçirilipdi.
51 ýaşyndaky Jorj Wea sport bilen hoşlaşandan soňra syýasat bilen meşgullanmaga başlady. Ol Ýewropanyň iň uly futbol toparlarynda, ýagny Italiýanyň “Milan”, Fransiýanyň PSŽ we “Marsilýa” hem-de Angliýanyň “Çelsi” we “Mançester Siti” toparlarynyň düzüminde çykyş edip, ökde hüjümçileriň biridi. Wea 1995-nji ýylda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan “Iň gowy futbolçy” (“Ballon D’or”) diýen baýraga mynasyp boldy. Ol bu baýraga eýe bolan ýeke-täk afrikaly futbolçydyr. Ozalky futbolçy Jorj Wea saýlawlaryň ikinji tapgyrynda sesleriň 38 göterimine eýe boldy. Onuň garşydaşy Jozef Boakaýa 29 göterim ses aldy. Mälim bolşuna görä, Jorj Wea 2005-nji ýylda-da Prezident saýlawlaryna gatnaşypdy. Ýöne ol şol gezek saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Elen Jonson-Serlifden yza galypdy. Bu gezek Jorj Wea arzuwyna ýetdi. Ol ýurduň 25-nji Prezidenti boldy. Ol Afrika yklymynyň ilkinji zenan Prezidenti we parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Elen Jonson-Serlifden döwlet Baştutany wezipesini kabul edip alar.