UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyrynyň jogap duşuşyklary oýnaldy. Netijede, saýlama oýunlarynyň soňky tapgyry bolan pleý-offa çykan klublar belli boldy.

Tapgyryň iň esasy ünsi çeken duşuşygy Bolgariýanyň Razgrad şäherinde oýnaldy. Bir hepde ozal öz meýdançasynda 2-1 hasabynda utulan “Garabag” (Azaerbaýjan) topary myhmançylykda “Ludogores” toparyny goşmaça wagtda 7-2 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň esasy wagtynda “Garabag” 3-2 öňe saýlandy. Goşmaça wagtda 4 gol geçiren azerbaýjanlylar ýaryşy dowam ederler. Duşuşykda “Ludogoresden” Dua (13, 23), “Garabagdan” bolsa Juninio (7), Benzia (45+1, 118), Andrade (45+5, 112), Baýramow (93) hem-de Şikşa (111) tapawutlandy. “Garabag” pleý-off tapgyrynda Dinamo Zagreb bilen duşuşar.