Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li hal­ka­ra ulag baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň ýol-ulag dü­zü­mi saz­la­şyk­ly ösü­şe eýe bol­dy, se­bi­tiň hem-de dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri bi­len ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek ar­ka­ly iş­jeň ös­dü­ril­ýär.
Di­ňe iri ulag des­ga­la­ry­nyň we ýol­la­ryň, üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň gur­lu­şy­gyn­da däl, eý­sem, beý­le­ki des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da hem bu kon­sep­si­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Bi­ziň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­miz hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge we pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly go­şant goş­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy hem-de 2018-nji ýy­lyň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­ga­ry­ny tu­tuş adam­za­dyň nu­ra­na gel­je­gi üçin dö­re­di­ji­li­giň bäh­bi­di­ne pa­ra­hat­çy­lyk we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky dü­şün­je­le­ri hem-de ga­ra­ýyş­la­ry has giň ge­ri­me ýe­tir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ulag stra­te­gi­ýa­syn­da bu ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar hä­zir­ki wagt­da has aý­dyň gö­rün­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň, Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­lu­nyň bi­rin­ji no­bat­da­ky­sy – Ker­ki-Ymam­na­zar-Aki­na de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy ýa­ly ägirt uly tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy. Türk­men­ba­şy­da­ky halkara de­ňiz porty, Aş­ga­bat-Türk­men­ba­şy aw­to­mo­bil ýo­ly we beý­le­ki des­ga­lar gu­rul­ýar. Ýur­du­myz­da de­mir ýol, aw­to­mo­bil, ho­wa we suw ulag­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ar­ka­ly amat­ly hem-de howp­suz hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi, halk­la­ryň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni, hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, söw­da-ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Türk­me­nis­tan po­lat ýol­la­ryň mö­hüm çat­ry­gy­na, Ýew­ra­zi­ýa se­bi­tin­de iri ulag-üs­ta­şyr mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Türk­men de­mir ýol gur­lu­şyk­çy­la­ry Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ser­het­ýa­ka Ser­he­ta­bat men­zi­lin­den Ow­ga­nys­ta­nyň Tur­gun­dy şä­he­ri­ne çen­li po­lat ýo­ly çek­mek bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň alyp bar­ýar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz goň­şy ýurt üçin örän mö­hüm bo­lan bu tas­la­ma 2017-nji ýy­lyň 29-njy no­ýab­ryn­da ba­dal­ga be­rip, Ow­ga­nys­ta­ny Türk­me­nis­ta­nyň we onuň üs­ti bi­len tu­tuş se­bi­tiň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­na goş­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan de­mir ýo­luň gur­lu­şy­gy­na ak pa­ta ber­di.
Bu de­mir ýol şa­ha­sy ar­ka­ly bi­ziň goň­şy­myz öz önüm­le­ri­ni da­şa­ry ba­zar­la­ra çy­kar­mak hem-de uly is­leg­den peý­da­lan­ýan da­şa­ry ýurt ha­ryt­la­ry­ny im­port et­mek üçin has amat­ly usu­la eýe bo­lar. Bu tas­la­ma se­bit­de döw­le­ta­ra gat­naw­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na, Türk­me­nis­ta­nyň se­bi­tiň hem-de yk­ly­myň esa­sy ulag – lo­gis­ti­ka mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar edil­me­gi­ne ýar­dam eder.
Ulag gat­naw­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi hä­zir­ki wagt­da ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu babatda ga­dym­dan bä­ri ýol gur­ma­gy parz ha­sap­la­ýan türk­men hal­ky bu dä­bi my­na­syp do­wam et­dir­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­ýär.
Bu me­se­le hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da mil­li ta­ry­hyň, ga­dy­my ro­wa­ýat­la­ryň, ýur­du­my­zyň hä­zir­ki­ za­man dur­mu­şy­nyň wa­ka­la­ry­nyň my­sa­lyn­da çuň­ňur açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz öz ki­ta­byn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň di­kel­dil­me­gin­de we iş­jeň he­re­ket et­me­gin­de esa­sy orun­la­ryň bi­ri­niň türk­men­le­re hem de­giş­li­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­ýär. Bu ýo­luň her bir şa­ha­sy ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­mä­ge my­na­syp­dyr.
Şeý­le­lik­de, bi­ziň döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan asy­ryň iri ulag tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy bi­len tä­ze ta­ryh ýa­zyl­ýar we Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny di­kelt­mek ba­ra­da­ky pi­kir tä­ze maz­mu­na eýe bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­raş­syz we Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi bo­lup dur­ýar.
Bi­ziň ýur­du­my­zyň gur­ýan dost­luk we oňyn hyz­mat­daş­lyk ýol­la­ry Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ýa­ly iri hal­ka­ra hem-de se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de hem gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da dö­re­dil­ýän tä­ze ýol­lar Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de bi­ziň se­bi­ti­mi­ziň or­nu­ny art­dyr­ýar.

Hä­zir­ki­ za­man şert­le­rin­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň we­zi­pe­si­ni hal­ka­ra ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ol hal­ka­ra sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin oňat bin­ýat hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Mu­nuň özi hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra we köp­ta­rap­ly bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­rin­de go­şu­lyş­mak ýag­daý­la­ry­nyň mö­hüm şer­ti­ne öw­rül­di.
Tur­ba­ ge­çi­ri­ji ulag hem bu ul­ga­ma de­giş­li­dir. Iki ýyl mun­dan ozal, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Ol bir­ma­hal­lar Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ge­çen ýer­le­rin­den çe­ki­ler. Gat­na­şy­jy ýurt­lar üçin bu tas­la­ma di­ňe bir yk­dy­sa­dy däl, eý­sem, der­wa­ýys dur­muş we­zi­pe­le­ri­ni hem çöz­mä­ge ýar­dam eder.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, gat­naw­la­ryň äh­li ul­gam­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan bi­te­wi ulag ul­ga­my anyk teh­ni­ki we hu­kuk sy­ýa­sa­ty, öza­ra yla­la­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň gu­ral­la­ry ar­ka­ly geo­sy­ýa­sy ýag­da­ýa tä­sir et­mä­ge ukyp­ly bo­lup, onuň yk­dy­sa­dy ugur­la­ry­nyň ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň mil­li stra­te­gi­ýa­la­ry bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry­ny kes­git­le­ýär.
Türk­me­nis­tan oňyn äh­lu­mu­my iş­le­re iş­jeň gat­naş­mak bi­len saz­la­şyk­ly, dur­nuk­ly ösü­şiň esa­syn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ma­ga ça­lyş­ýar. Şu ýy­lyň 2-nji ýan­wa­ryn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mas­la­hat­lar za­lyn­da ge­çi­ri­len “Türk­me­nis­tan tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da: giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar we müm­kin­çi­lik­ler” at­ly mas­la­hat şu me­se­lä ba­gyş­lan­dy. Mas­la­hat ýur­du­my­zyň Bi­lim mi­nistr­li­gi we Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de gu­ral­dy. Mas­la­ha­tyň işi­ne jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, ta­lyp­lar hem-de paý­tag­ty­my­zyň bir­nä­çe ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar dü­zü­mi, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň alym­la­ry we bi­ler­men­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Çy­kyş eden­le­riň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gö­nü­den-gö­ni ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler tu­tuş jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ul­ga­myň ösüş­le­re bes­le­nen ýag­daý­da gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de tä­ze­le­nil­me­gi­ne, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de ab­ra­ýy­nyň yk­rar edil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň düýp­li öz­ger­dil­me­gi hem-de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­me­gi – şu we en­çe­me beý­le­ki ýag­daý­lar dün­ýä­dä­ki yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­syz­ly­gyň eme­le ge­len ýag­daý­la­ryn­da bi­ziň ýur­du­my­zyň deň­siz-taý­syz de­re­je­de yk­dy­sa­dy ösüş ga­zan­ma­gy­na ýar­dam et­di.
Çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan hem-de ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­le­riň oňyn or­nu­ny nyg­ta­dy­lar. Şol öz­gert­me­ler türk­men hal­ky­nyň ha­ky­ky ta­ry­hy­ny öw­ren­mä­ge, onuň mad­dy we ru­hy mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­ma­ga we wa­gyz et­mä­ge, yl­my-bar­lag­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge, şeý­le bar­lag­la­ra beý­le­ki ýurt­lar­dan hü­när­men­le­ri çek­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şu­nuň ýa­ly öza­ra he­re­ke­tiň mak­sa­dy gel­jek­ki ne­sil­ler üçin türk­men­le­riň ga­dy­my me­de­ni­ýe­ti­niň je­del­siz su­but­na­ma­la­ry­ny go­rap sak­la­mak­dan yba­rat­dyr.
Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry­nyň, hu­su­san-da, “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta”, “Gün­do­gar-Gün­ba­tar” ugur­la­ry bo­ýun­ça ulag ul­ga­my­nyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Olar Ýu­waş um­manyn­dan baş­lap, Bal­ti­ka çen­li, Ýew­ro­pa yk­ly­my­nyň De­mir­ga­zy­gyn­dan Hin­di um­ma­ny­na çen­li örän uly gi­ňiş­li­gi bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Halk­la­ry we me­de­ni­ýet­le­ri, dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň gym­mat­lyk­la­ry­na hor­mat goý­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri­ni ýa­kyn­laş­dyr­ma­gyň ala­ma­ty hök­mün­de hä­zir­ki za­man tap­gy­ryn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy­ny wa­gyz et­me­giň me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan özü­ni tä­ze hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi hök­mün­de ynam­ly yg­lan ed­ýär. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da hem-de gol­daw ber­me­gin­de pu­da­gyň in­no­wa­si­on dü­zü­mi, onuň hä­zir­ki­ za­man ne­ti­je­li nus­ga­sy dö­re­dil­ýär.
Türk­men hal­ky ga­dym­dan bä­ri myh­man­sö­ýer­li­giň baý däp­le­ri bi­len şan-şöh­ra­ta eýe bo­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu däp­ler tä­ze öwüş­gi­ne eýe bo­lup, özü­ne sy­ýa­hat­çy­lyk­da iň tä­ze hä­zir­ki­za­man ýö­rel­ge­le­ri­ni bir­leş­dir­ýär. Ta­ry­hy-me­de­ni öz­bo­luş­ly­lyk hem-de baý mil­li mi­ras, şol san­da bü­tin­dün­ýä meş­hur türk­men ha­ly­la­ry we ahal­te­ke be­dew­le­ri, ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler hem-de tä­sin te­bi­gy ekoul­gam­lar ýur­du­my­za bu ul­gam­da özü­niň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip, dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk ba­za­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­ny has-da ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Iň meş­hur ugur­la­ryň bi­ri Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça sy­ýa­hat et­mek­den yba­rat­dyr. Onuň des­ga­la­ry ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ýa­dy­gär­lik­le­ri öz içi­ne al­ýar.
Adam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň aý­dyň gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len bu ta­ry­hy ýo­luň tä­ze hi­li di­ňe bir döw­let­le­riň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryn­da däl, eý­sem, ola­ryň me­de­ni, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryn­da, şeý­le hem sport ul­ga­myn­da öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Geçen ýyl üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup bi­ler. Bu oýun­la­ra di­ňe bir Azi­ýa­nyň we Okea­ni­ýa­nyň 64 ýur­du­nyň to­par­la­ry, bos­gun tür­gen­ler däl, eý­sem, dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den köp­ san­ly žur­na­list­ler, to­ma­şa­çy­lar hem-de sy­ýa­hat­çy­lar gat­naş­dy­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça – Amul­dan Ha­za­ra çen­li hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni gu­ra­mak pi­ki­ri­ni öňe sür­di. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ral­li ýa­ry­şy­na gat­naş­jak­lar di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň mi­ra­sy bi­len ta­nyş­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, düýp­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, yl­my-teh­ni­ki ösüş hem-de ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň se­na­gat taý­dan ösü­şi bi­len bu meş­hur ýer­le­re gel­ýän tä­ze dur­mu­şy hem gö­rüp bi­ler­ler. Ýur­du­myz hä­zir­ki dö­wür­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm ulag ul­ga­my hök­mün­dä­ki or­nu­ny ber­kid­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şeý­le hem di­ňe bir bü­tin dün­ýä­de meş­hur gym­mat­lyk­la­ry däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň en­tek meş­hur bol­ma­dyk ta­ry­hy we ar­heo­lo­gi­k ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, şeý­le hem onuň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan ýo­luň ug­run­da tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­ny gi­riz­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň yk­ly­myň ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ge­og­ra­fi­k taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ry ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gin­de mil­li ulag se­riş­de­le­rin­den amat­ly peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär, mil­li me­de­ni mi­ra­syň baý­ly­gy bol­sa, halk­la­ryň yn­san­per­wer, ru­hy gat­na­şyk­lar­da onuň or­nu­ny art­dyr­ýar.