Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Halkymyzyň garaşsyz döwlet gurmak barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna şu ýyl 33 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli 19-20-nji sentýabrda Aşgabatda TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler. Bu forum Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek ýaly bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň geljegini öwrenmek maksady bilen guralýar.
TIF 2024 maksatnamasy hemmetaraplaýyn işlenip düzülen we Türkmenistanyň maýa goýum potensiýaly, sebitleýin energiýa geçişinde ýurduň ýangyç we energetika pudagyndaky orny, ulag aragatnaşygy we durnuklylygy, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, sanly ulgamyň özgerişleri, «ýaşyl» ykdysadyýetiň we oba hojalygynyň ösdürilmegi, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýaly mowzuklary öz içine alýar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guraýan bu forumy halkara maýa goýum jemgyýetiniň ünsüni ýurduň depginli ösýän ykdysadyýetine çekmek üçin geçiriler.
Häzirki wagtda Maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy. Foruma halkara maliýe guramalarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky) wekilleriniň, energiýa, infrastruktura we maliýe ulgamy boýunça hünärmenleriň, şeýle hem başga-da birnäçe abraýly halkara guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma forumyň halkara metbugatynda giňişleýin beýan edilmegi bilen hem tassyklanylýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al Khaleej», «Dubai News», «Al-Madar Magazine» ýaly öňdebaryjy neşirleri bu forum barada birnäçe makalalary çap etdi. Mundan başga-da, abraýly maliýe neşiri bolan «The Investor» forumy ýylyň esasy wakalar senenamasyna goşdy. Bu bolsa dünýäniň maýa goýum jemgyýetiniň foruma ýokary derejede gyzyklanýandygyny görkezýär.
Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürlär. Serginiň çäklerinde birža söwdalarynyň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Forumyň çäginde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ministrlikleriniň we milli kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guralar. Sergi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşar.