Mi­we şi­re­le­ri süý­jä we wi­ta­min­le­re, gök önüm şi­re­le­ri bol­sa mi­ne­ral duz­la­ra baý bo­lup, ola­ry na­har­lan­maz­dan 30-40 mi­nut öň ýa-da 2-3 sa­gat soň iç­me­li. Şi­re­le­riň her­si­niň özü­ne mah­sus ula­nyş düz­gü­ni bar.
Nar şi­re­si
Nar şi­re­si örän ýe­ňil öz­leş­ýär, iş­dä­ni aç­ýar, aş­ga­za­nyň işi­ni saz­la­ýar, gan­da ge­mog­lo­bi­ni kö­peld­ýär. Bu­şuk­dy­ry­jy, öt çy­ka­ry­jy hä­si­ýe­ti bo­lup, so­wuk­la­ma, zä­her­len­mä gar­şy tä­sir­li. Adat­ça ony kä­şir, şu­gun­dyr şi­re­si bi­len ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Nar şi­re­sin­de aş­ga­za­nyň nem­li bar­da­sy­ny gy­jyn­dyr­ýan we diş syr­ça­la­ry­ny za­ýa­la­ýan tur­şu­lar köp. Şo­nuň üçin ony su­wa ga­ryp iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ýo­ka­ry tur­şu­lyk­ly aş­ga­zan ke­sel­le­rin­de, baş ke­sel­le­rin­de, aş­ga­za­nas­ty mä­ziň so­wuk­la­ma­syn­da iç­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Ke­lem şi­re­si
Dü­zü­min­de ýe­ňil öz­leş­ýän ug­le­wod­lar, C, PP wi­ta­min­le­ri, fo­liý tur­şu­sy we ami­no­kis­lo­ta­lar, ka­li­niň, nat­ri­niň, kal­si­niň, dem­riň duz­la­ry bo­lup, baş ke­sel­le­ri­ne gar­şy tä­si­ri üýt­ge­şik mad­da-U wi­ta­mi­ni ta­pyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýy­ly gör­nüş­de aş­ga­za­nyň we on iki bar­mak içe­gä­niň ba­şy­nyň öňü­ni aly­jy se­riş­de hök­mün­de ula­nyl­ýar. Agyz boş­lu­gy­nyň so­wuk­la­ma ke­sel­le­rin­de ýap-ýa­ňy sy­ky­lyp al­nan ke­lem şi­re­si­ni bi­raz ýy­la­dyp, ag­zy­ňy çaý­ka­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Ug­le­wod­la­ryň ýag­la­ra öw­rül­me­gi­ni haý­ýal­lad­ýan­dy­gy üçin se­miz­lik­de ula­nyl­ýar. Gü­nüň do­wa­myn­da bir­nä­çe ge­zek na­har­dan 30 mi­nut öň iç­me­li. Nem­li bar­da bi­ti­ri­ji tä­sir ed­ýän­di­gi­ne se­ret­mez­den, ke­lem şi­re­si aş­ga­zan ke­sel­le­rin­de, ba­şyň ýi­ti­le­şen döw­rün­de içil­me­se go­wy. Agy­ry kö­şe­şip, syr­kaw gu­tu­lyp ug­ran döw­rün­de we­lin ol ýe­ri­ni çal­şyp bol­ma­jak se­riş­dä öw­rül­ýär.
Al­ma şi­re­si
Al­ma şi­re­si C we P1 wi­ta­min­le­re baý bo­lup, dü­zü­min­de ka­li­niň, kal­si­niň, dem­riň, mi­siň, mar­ga­ne­siň, ko­bal­tyň, sin­kiň, ni­ke­liň duz­la­ry bar. Da­mar­la­ryň ga­ta­ma­syn­da (Ate­rosk­roz­da), bag­ryň, böw­re­giň, pe­şew hal­ta­sy­nyň has­sa­lyk­la­ryn­da, daş­ly pe­şew ke­se­lin­de ula­nyl­ýar. Al­ma şi­re­sin­dä­ki we maň­zyn­da­ky pek­tin içe­gä­niň işi­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Dü­zü­min­de süý­ji­niň we or­ga­ni­ki tur­şu­la­ryň köp bol­ma­gy ony uly fi­zi­ki ag­ram sal­nan­dan soň be­de­ni çalt di­kelt­mek­de deň­siz-taý­syz se­riş­dä öwür­ýär. Bu iç­gi bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 1 lit­re çen­li içi­len­de sag­ly­ga zy­ýan ýe­tir­me­ýär.
Tä­ze al­ma şi­re­si­ni aş­ga­zan ke­sel­le­ri­niň, ba­şyň, aş­ga­za­nas­ty mä­ziň ke­sel­le­ri­niň ýi­ti­leş­me­le­rin­de ulan­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Üzüm şi­re­si
Dü­zü­min­de köp möç­ber­de süý­ji we ka­liý bar. Nerw ul­ga­my gow­şan­da, be­den gurp­dan ga­çan­da ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Üzü­miň ga­ram­tyl gör­nüş­le­ri­niň şi­re­sin­de ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýan mad­da­lar bar. Yzy­gi­der­li içi­len­de da­mar­lar­da ho­les­te­rin azal­ýar, gan ba­sy­şy pe­sel­ýär. Üzüm şi­re­si bak­te­ri­ýa gar­şy, bu­şuk­dy­ry­jy, iç sü­rü­ji, der­le­di­ji, ga­ky­lyk go­pa­ry­jy hä­si­ýet­le­re eýe. Tä­ze sy­ky­lyp al­nan şi­rä­ni be­je­riş mak­sa­dy bi­len 3 hep­dä­niň do­wa­myn­da her gün 3 ge­zek ýa­rym bul­gur­dan iç­me­li. Ulan­maz­dan öň suw bi­len des-deň (1:1) möç­ber­de gar­ma­ly. Üzüm ýo­ka­ry tur­şu­lyk­ly gast­rit­de, aş­ga­za­nyň we on iki bar­mak içe­gä­niň ba­sy­şyn­da, süý­ji­ke­sel­de, se­miz­lik­de, öý­ke­niň do­wam­ly so­wuk­la­ma ke­sel­le­rin­de, şeý­le hem me­teo­rizm­de (içiň ýel­len­me­gi) iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Kä­şir şi­re­si
Ýap-ýa­ňy sy­ky­lyp al­nan kä­şir şi­re­si gök önüm şi­re­le­ri­niň naý­ba­şy­sydyr. Ol aý­ra­tyn­da, im­mun ul­ga­my gow­şak ça­ga­lar, uly ýaş­ly­lar, de­ri­si aý­ra­tyn ga­ra­şyk et­me­gi ta­lap ed­ýän adam­lar üçin peý­da­ly. Se­bä­bi dü­zü­min­de be­ta-ka­ro­tyň B to­pa­ra de­giş­li wi­ta­min­ler, ka­liý, kal­siý, ko­balt we beý­le­ki mi­ne­ral mad­da­lar bar.
Be­ta-ka­ro­tin göz üçin peý­da­ly. Ýö­ne onuň go­wy öz­leş­me­gi üçin şi­re içi­len des­si­ne ýag­ly azyk önü­mi­ni, iň go­wu­sy, ösüm­lik ýa­gy ga­ry­lan iş­däa­çar iý­me­li. Kä­şir şi­re­si­ni aşa köp muk­dar­da iç­me­giň zy­ýan­ly­dy­gy­ny hem unut­ma­ly däl. Se­bä­bi, dü­zü­min­de ag­dyk­lyk ed­ýän be­ta-ka­ro­tin bag­ra ar­tyk­maç ag­ram sal­ýar, meň­ziň sa­ral­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bir gün­de ýa­rym litr­den köp kä­şir şi­re­si­ni iç­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Onuň dü­zü­min­dä­ki ze­rur ele­ment­ler bi­len be­de­ni üp­jün et­mek üçin bu iç­gi­niň ýa­rym bul­gu­ry ýe­ter­lik.
Iç­geç­me­de we aş­ga­zan ba­şy be­ter­le­şen­de tä­ze sy­ky­lyp al­nan kä­şir şi­re­si­ni iç­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Po­mi­dor şi­re­si
Aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my­nyň işi­ne oňyn tä­sir ed­ýär, howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýar. Göw­re­li we ça­ga em­dir­ýän ze­nan­lar üçin örän peý­da­ly. Pes ka­lo­ri­ýa­ly bu iç­gi be­de­niň ag­ra­my­ny art­dyr­ma­ýar. Tä­ze taý­ýar­la­nan po­mi­dor şi­re­sin­de içe­ge­dä­ki tur­şa­ma we çüý­re­me ha­dy­sa­la­ry­ny gow­şad­ýan güýç­li tä­sir­li fi­ton­sit­ler bar. Bu iç­gi­ni na­har­dan 20-30 mi­nut öň iç­me­li, se­bä­bi ol içe­gä­niň we aş­ga­za­nyň iý­mit siň­di­ri­şe taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Duz onuň be­je­ri­ji tä­si­ri­ni pe­seld­ýär. Şo­nuň üçin du­za de­rek maý­da­ja dog­ra­lan sa­rym­sak, uk­rop, pet­ruş­ka, kin­za ýa­ly gök ot­la­ry goş­ma­ly. Po­mi­dor şi­re­si­ni gast­ri­tiň (aş­ga­zan ke­sel­le­rin­de), baş ke­sel­le­ri­niň, ho­le­sis­ti­tiň (öt hal­ta­sy­nyň çiş­me­gi) be­ter­leş­me­le­rin­de iç­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.

Gu­wanç Sa­pa­row,
Aş­ga­bat şä­her has­sa­ha­na­sy­nyň bö­lüm mü­di­ri.