Adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan zat onuň akyly we zähmetidir. Zähmet üstünligiň ilkinji şertidir. Zähmetsiz hiç zat mümkin däl. Eger «Beýik işleri amala aşyrmak üçin adama iň gerekli zat näme?» diýip soralsa onuň jogaby «Zähmetsöýerlik» bolardy. Zehini görmezlik mümkin, başarjaňlygy görmezlik mümkin, yhlasy görmezlik mümkin, emma zähmeti görmezlik mümkin däl. Zähmetsöýer adamy, onuň zähmetiniň netijesini gözden sypdyrmak mümkin däl. Meselem, Müsür barada bilýän zadyňdan biri hökmany suratda Müsür piramidalary bolar. Hytaý barada bilýän zadyňdan biri hökmany suratda Beýik Hytaý diwary bolar, sebäbi bu diwary gurmak üçin millionlarça adam zähmet siňdiripdir. Diýmek zähmeti, zähmetiň netijesini görmezlik mümkin däl.
Basketbolyň ýyldyzy Maýkl Jordan egindeşleriniň arasynda özüniň bökmek we topy tora salmak ukyby bilen däl-de, ilki bilen örän agyr türgenleşikleri bilen tanalypdyr we munuň üçin oňa uly hormat goýupdyrlar. Hatda ýyldyz basketbolçy hökmünde tanalyp başlanyndan soňam, bu erjel türgen agyr türgenleşiklerini birjigem sypdyrmandyr. Agyr türgenleşikleriň üsti bilen zähmet çekmegi we der dökmegi öwrenýärsiň. Ruhuňy durnukly ýagdaýda saklamak üçin zähmet çekmekden peýdaly zat ýokdur. Sebäbi, eger işlenilse, zähmet çekilse, hökmany suratda netije bolaýmaly. Eger netije bolmasa ýa-ha zähmet çekilen däldir, ýa-da ýalňyş zähmet çekilendir.
Diňe zähmet, onda-da halal zähmet bagt getirýändir. Zähmetiň halal bolmagy – ilkinji şert. Käte-käte öňümizde aňsat öwrüm edip bolýan ýollar peýda bolýar, käteler seriňi dumanladýan ýagdaýlar ýüze çykýar. Emma bularyň ählisi durmuşyň synagy, biz dogry ýola pugta eýerýärismi ýa-da ýeňil zada ýykgyn edýärismi? Ymaratyň düýbüne sement däl-de, saman düşeseň, ýokarsyna kerpiç örmek kyn bolar.
Zähmet bilen yhlas bolmasa, zehin bilen ukybyň peýdasy ýokdur. Zähmet we irginsiz ylym öwrenmek bilen örän uzaklara gidip bolýandyr. Iň zähmetsöýer we iň yhlasly adam ýeňiş gazanýandyr.
Zähmet hem aňly-düşünjeli guralmasa, ol harsydünýälige elter. Şeýle zähmetiň netijesi ýaramaz bolar. Zähmet diňe oňyn netijä – haýyrly zatlara hyzmat etmelidir. Ata-babalarymyzyň zähmet terbiýesinde şolar bilen bagly düşünjeler hem kemala getirilendir. Şolar esasynda ýaş nesillerde zähmete söýgini döretmek jemgyýetimiziň möhüm wezipesidir. Ata-babalarymyz: «Zähmet soňy – rehnet» diýipdir.
Zähmet endigini ele almadyk adam edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr. Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam bolsa hökman bir ugur tapar. Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär. Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleri zähmete söýginiň netijesinde kemala gelen iň naýbaşy nusgalardyr. Çünki zähmete söýgi we zähmete endik aýry-aýry düşünjeler bolsa-da, biri-biri bilen baglanyşyklydyr. Ýalta adamda zähmete gadyr goýmak düşünjesi hem bolmaýar. Şonuň ýaly adamyň özüni kämilleşdirmegi kyn bolýar. Ýaşlara zähmete gadyr goýmagy, zähmetiň miwesiniň nireden gelýändigine düşünmegi hem öwredilmelidir. Sebäbi adamy tanamagyň esasy ölçegi onuň adamkärçiligi we zähmetsöýerligi hasap edilýär.
Garaşsyz Watanymyzda topraga örküni baglan, topraga yhlas etmegiň gadymy däplerine ygrarly daýhanlaryň durmuşy päk zähmetiň hözirliliginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda olaryň zähmetine uly sarpa goýulýar. Zähmete yhlasly adam zähmetiň miwesine gadyr goýmagy hem bilýär. Zähmet çekmek endikleri uzak wagtyň dowamynda kämilleşdirilip, ussatlyga ýol açýar. Şunda adamyň gaýtalamak, ünsli bolmak, kanagat etmek endikleri kemala getirilmelidir.
Zähmet adamda peýdaly endikleriň kemala gelmegi üçin derwaýysdyr. Alyn deriňi saçyp çekilen zähmetiň hözirini hiç zat bilen deňäp bolmaz. Zähmetsöýerlik adamyň häsiýetini hem terbiýeleýär. Sebäbi zähmetiň adamyň özüne erk etmegini terbiýeleýänligindedir. Zähmet çekmäge endik edip, munuň peýdasyna düşünen adam häsiýetine hem erk edip bilýär.
Zähmetde gözellik bar. Adamyň zähmetiň gymmatyna düşünmegi, zähmetiň gadyryny bilmegi onuň mertebesini beýgeldýär. Çünki zähmet daragty adamyň özünde bolup, ol adamyň tebigy ukybynyň endik bilen özleşdirilmeginiň netijesidir.
Zähmet – yhlasyň miwesi. Zähmete endik eden adamyň ýüzi nurly bolýar. Ata-babalarymyz «Bu günki işiňi ertä goýma» diýen ýörelgä eýeripdir. Çünki zähmetiň miwesi edil baharda tebigatyň eçilýän baýlygy ýaly, gözüňi dokundyrýan baýlykdyr. Alyn deriň siňen, öz eliň degen halal zähmetiň tagamy, täsiri üýtgeşik bolýar. Indiki ädimleriň batly bolmagy üçinem halal zähmetiň uly ähmiýeti bar.
Ynsan öz ykbalyny zähmet bilen bezän halatynda, onuň öwüşgini, nury artyp başlaýar. Göwnüne giňlik, ruhubelentlik, maksada okgunly dowam etmeklik ýaly häsiýetler hemra bolýar. Onsoňam, her zadyň özüne mahsus zynaty bardyr. Guşda ganat, atda aýak, balykda ýüzgüç… adamda bolsa gelşikli ýaradylan on iki synadan daşary arassa ahlak, ynam, zähmet şol gözellikleriň üstüni ýetirip durýar. Bilegiňe güýç berip, ýüzüňe nur çaýýanam, süňňüňi taplap, saglyk paýyny bol berýänem, alysy ýakyn edip, ýoluňa ýagty saçýanam zähmetdir. Çünki, biziň zehinimizi açýan zat yhlasly zähmetdir. Zähmet bizi üstünliklere ýetirýän goşa ganatymyzdyr.
Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.