Aw­tor­lyk hu­ku­gy mu­nuň özi aw­to­ryň öz zäh­me­ti­ni kim­dir bi­ri­niň nus­ga­la­ma­gy­na ýa-da ýaý­rat­ma­gy­na gar­şy aý­ra­tyn hu­ku­gy­dyr. Bu, esa­san hem, XV asyr­da ki­tap çap et­mek kä­mil­le­şip baş­lan­dan soň­ra ýü­ze çyk­ýar. Soň­ra ol saz eser­le­ri, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty, su­rat çek­mek ýa­ly sun­ga­tyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­ne hem geç­ýär. Teh­ni­ka­nyň ös­me­gi fo­to­su­rat, ki­no, ra­dio, komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry, rek­la­ma, kar­ta, teh­ni­ka we çy­zuw ýa­ly ugur­lar­da aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň tä­ze ugur­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­ýär.
Ga­dy­my Gre­si­ýa­da, Rim im­pe­ri­ýa­syn­da, or­ta asyr Ýew­ro­pa­da şah­sy eýe­çi­lik bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le ýü­ze çyk­man­dyr. Çün­ki bir kar­ti­na­ny aý­la­ryň do­wa­myn­da çe­kip­dir­ler, ki­ta­by aý­la­ryň do­wa­myn­da gö­çü­rip­dir­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň kö­pü­si aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­ny Ýew­ro­pa­da ki­tap çap et­me­giň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Gut­ten­ber­giň 1440-njy ýyl­da çap ma­şy­ny­ny oý­lap tap­ma­gy bi­len ese­riň nus­ga­sy­ny taý­ýar­la­mak işi has-da ýe­ňil­leş­ýär. Şeý­le­lik­de, ki­tap giň halk köp­çü­li­gi üçin el­ýe­ter­li bol­ýar. Ne­ti­je­de, il­kin­ji ne­şir­çi­ler öz bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, öz ta­lap­la­ry­ny öňe sü­rüp ug­ra­ýar­lar. Aw­tor­lyk hu­ku­gy­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len il­kin­ji ädim­ler 1709-njy ýy­lyň 11-nji ýan­wa­ryn­da Ang­li­ýa­da ýo­la go­ýul­ýar. Ol 1710-njy ýy­lyň 10-njy ap­re­lin­de korol zenan An­na Stýuartyň çykaran ka­nu­ny bri­tan par­la­men­ti ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­lip, ki­tap­la­ryň, kar­ti­na­la­ryň we çyz­gy­la­ryň aw­tor­lyk hu­ku­gy­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär. Şeý­le ka­nun 1783-nji ýyl­da ABŞ-da güý­je gi­ri­zil­ýär. 1886-njy ýyl­da aw­tor­lyk hu­ku­gy­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len il­kin­ji giň ge­rim­li hal­ka­ra yla­la­şy­gy­na – Bern Kon­wen­si­ýa­sy­na gol çe­kil­ýär. Kon­wen­si­ýa­nyň mak­sa­dy dür­li ýurt­lar ta­ra­pyn­dan aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň öza­ra ka­bul edil­me­gi­ni üp­jün et­mek we ola­ry go­ra­mak üçin hal­ka­ra düz­gün­le­ri­ni ýo­la goý­mak­dan yba­rat bo­lup­dyr. ABŞ bu Kon­wen­si­ýa di­ňe 1988-nji ýyl­da goşulýar. 1891-nji ýyl­da ABŞ-da aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň hal­ka­ra go­ra­gy ha­kyn­daky il­kin­ji yla­la­şy­ga gol çekilýär. Ka­bul edi­len bu ka­nun ame­ri­kan ýa­zy­jy­la­ry­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ryl­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de aw­tor­lyk hu­ku­gy ba­ra­da­ kä­mil tej­ri­be­ler top­la­nyp, dur­nuk­ly ýag­da­ýa eýe bo­lan ka­da­ly düz­gün­ler he­re­ke­te gi­ri­zil­ýär.

Taýý­ar­lan Aý­ja­han Hüm­mi­ýe­wa,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.