Gü­nüň ýag­ty­sy­nyň ada­ma ra­hat ýa­şa­ma­ga, özü­ňi oňat duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi kö­pe mä­lim­dir. Mu­nuň çyn­la­kaý, yl­my esas­la­ry hem bar. Eý­sem, Gü­nüň ýag­ty­ly­gyn­da adam be­de­nin­de nä­me­ler bo­lup geç­ýär? Ga­dym za­man­lar­da hem Gü­nüň şöh­le­si­niň kä­bir peý­da­ly hä­si­ýet­le­ri bel­li bo­lup­dyr. Hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gyn­da ol aý­ra­tyn or­na eýe bol­dy. Oza­ly bi­len, ol bak­te­ri­ýa­la­ryň we de­ri­de ýa­şa­ýan ga­ra­baş­la­ryň bel­li bir gör­nüş­le­ri­ni ýok ed­ýär. Ol im­mun ul­ga­my­nyň öý­jük­le­ri – fa­go­sit­le­ri iş­jeň­leş­di­rip, zy­ýan­ly bak­te­ri­ýa­la­ry we öý­jük­le­ri, şeý­le hem ölen öý­jük­le­ri ýok ed­ýär. Şöh­lä­niň de­rä düş­me­gi bi­len gan­da myş­sa­la­ra güýç ber­ýän mad­da­nyň eme­le gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Gü­nüň tä­si­ri bi­len myş­sa­lar go­wy iş­läp, be­de­ni­mi­ziň iş­jeň­li­gi ýo­kar­lan­ýar.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, nerw ul­ga­my ber­käp, has ka­na­gat­la­nar­ly duý­gy eme­le gel­ýär. Gü­nüň tä­si­ri bi­len yn­san be­de­nin­de “Gü­neş wi­ta­mi­ni” ha­sap­lan­ýan D wi­ta­mi­ni eme­le ge­lip, ol bo­ýuň ösü­şi we im­mu­ni­te­ti ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur bo­lup dur­ýar. Eger-de biz bel­li bir wagt ara­ly­gyn­da Gü­ne­şiň tä­si­ri as­tyn­da gal­sak, ol der­man ka­bul et­mek bi­len ba­ra­bar­dyr. Ýö­ne has uzak wagt­lap, Gü­nüň as­tyn­da gal­mak, luk­man­çy­lyk nuk­daý­na­za­ryn­dan as­la dog­ry däl­dir. Çün­ki Gün şöh­le­le­ri gan ba­sy­şy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Ýü­re­ga­gy­ry­ly­la­ra we öý­ken­li­le­re uzak wagt­lap Gü­nüň as­tyn­da gal­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Ýö­ne gys­ga wagt­la­ýyn Gü­nüň astynda galmak ama­ly taý­dan hem­me adam­lar üçin peý­da­ly­dyr. Ne­ti­je­de, Gü­nüň şöh­le­le­ri yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, özü­ňi duý­şu­ňy go­wu­lan­dyr­mak­da we be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny ber­kit­mek­de has-da peý­da­ly­dyr.

Taýýa­r­lan Aý­nur Be­gen­jo­wa,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.