Türk­me­nis­tan­da bol­şy ýa­ly, tu­tuş dün­ýä­de Tä­ze-2018-nji ýyl uly da­ba­ra­lar bi­len gar­şy­lan­dy. Türk­me­nis­tan­ly­lar Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­ny uly ýe­ňiş­ler bi­len jem­läp, “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly 2018-nji ýy­la ga­dam bas­dy.
31-nji de­kabr gi­je­si sa­ga­dyň dil­le­ri 12-ä ýe­ten­de dün­ýä ýurt­la­ryn­da baý­ram­çy­lyk fe­ýer­werk­le­ri as­ma­ny dür­li öwüş­gin­ler bi­len be­ze­di. ABŞ-nyň Nýu Ýork şä­he­rin­de ho­wa­nyň so­wuk bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 1 mil­lio­na go­laý adam “Taýms-skwer” meý­da­ny­na ýyg­nan­dy. Bu ýer­de Me­raý Ke­ri, Nik Daý­mond we beý­le­ki aý­dym­çy­lar çy­kyş et­di­ler.
Bra­zi­li­ýa­da gü­neş­li Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­ri­niň adam­la­ry we sy­ýa­hat­çy­la­ry Tä­ze ýy­ly şä­he­riň hem-de dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat­çy çek­ýän meş­hur Ko­pa­ka­ba­na de­ňiz ke­na­ryn­da gar­şy al­dy­lar. Bu ýer­de baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki 17 mi­nut do­wam et­di.
Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryn­da-da Tä­ze ýyl uly şow­hun bi­len gar­şy­lan­dy. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž şä­he­ri­niň Ýe­li­seý meý­dan­ça­sy köp adam­ly bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ber­lin şä­he­rin­de Bran­den­burg der­we­ze­sin­de “Hoş gel­diň, 2018-nji ýyl!” ýaz­gy­sy bi­len la­zer şü­we­le­ňi gur­nal­dy.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don şä­he­rin­de bol­sa, Tem­za der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki köp­le­ri özü­ne çek­di.
Azi­ýa ýurt­la­ryn­da-da bu baý­ram­çy­lyk ulu­dan tu­tul­dy. Hy­taý­da baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki dün­ýä­niň iň uly aw­to­mo­bil köp­rü­sin­den as­ma­na atyl­dy. Bu köp­ri üç iri şä­he­ri – Çžu­haý, Ma­kao we Gon­kon­gy bir­leş­dir­ýär. In­do­ne­zi­ýa­da Tä­ze ýyl gi­je­si döw­le­tiň kö­me­gi bi­len köp san­ly ýaş ça­tyn­ja­la­ryň ni­ka to­ýy tu­tul­dy.
Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­dä­ki dün­ýä­niň iň be­ýik di­ňi bo­lan Burj Ha­li­fa­da­ky la­zer şü­we­le­ňi Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ol öz göw­rü­mi bo­ýun­ça beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­lan­dy.
Tä­ze ýy­lyň il­kin­ji baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki Okea­ni­ýa­da atyl­dy. 2018-nji ýy­ly il­kin­ji bo­lup, Ki­ri­ba­ti ada döw­le­ti­niň ýa­şaý­jy­la­ry gar­şy al­dy. Soň­ra de­giş­li­lik­de Fi­ji­de, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da we Awst­ra­li­ýa­da 2018-nji ýy­lyň şa­ny­na fe­ýer­werk­ler as­ma­na atyl­dy. 2018-nji ýy­ly iň so­ňky bo­lup, Sa­moa ada­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry gar­şy­la­dylar. Awst­ra­li­ýa­nyň Sid­neý şä­he­rin­dä­ki Tä­ze ýyl fe­ýer­wer­ki şä­he­riň ta­ry­hyn­da­ky iň göw­rüm­li­si bol­dy. Gu­ra­ma­çy­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, 12 mi­nut do­wam eden öwüşgin üçin 8 müň ton­na fe­ýer­werk ge­rek bol­dy. Bu şow­hu­na to­ma­şa et­mek üçin 1,5 mil­li­on adam gat­naş­dy.