Günbatar Afrikada ýerleşýän Liberiýada gara tagta hek bilen ýazylyp, taýýarlanýan köçe gazeti uly gyzyklanma döredýär. Bu gazet eýýäm 17 ýyldan bäri halkyň hyzmatynda. Ýurduň paýtagty Monrowiýada köçäniň gyrasyndaky gara tagta gündelik habarlar ýazylyp, halk köpçüligine hödürlenýär. Gazetdäki habarlar ýurduň döwlet dili hasaplanýan iňlis dilinde taýýarlanýar.
Liberiýanyň “Daily Talk” gazetiniň baş redaktory Alfred Sirlef 2000-nji ýyldan bäri okyjylaryna gündelik ýerli we daşary ýurt habarlaryny gyzgyny bilen ýetirmäge çemeleşýändiklerini mälim etdi. Ol maksadynyň halkyň gündelik wakalardan habarly bolmalydygyny aýdýar. Şonuň üçin gara tagta habarlar bilen bir hatarda dürli suratlar hem ýerleşdirilýär. Baş redaktoryň aýtmagyna görä, bir sahypa hökmünde taýýarlanýan köçe gazetiniň adaty gazetlerden tapawudynyň ýokdugy, ýurtdaky we dünýädäki möhüm wakalaryň okyjylara gyzgyny bilen ýetirilýändigi bellenildi.
Gazetiň 7 işgäri bolup, onuň girdejisi mahabatlardan gelýär. Tagtanyň mahabat bölüminde birnäçe firmanyň mahabaty ýerleşdirilýär. Firmalar hem olara kagyz, galam, hek ýaly kanselýar harytlaryny satyn alyp berýär.