Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 2018-nji ýylyň 8-10-njy ýanwary aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça bu ýurtda resmi saparda bolar. Bu geçen ýyl Fransiýanyň Prezidenti wezipesine saýlanan Makronyň Hytaýa ilkinji resmi sapary bolar.
ABŞ-da geçirilen barlaglara görä, geçen ýyl ýurduň raýatynyň 79 göterimi täze ýyl arçalaryny satyn alyp, öýüni bezedi. Ýurtda her ýyl arçalar üçin 2 milliard dollar sarp edilýär. Öýleri bezeýän arçalaryň 81 göterimi emeli ýasalan arçalardyr. Olaryň bahasy 60 dollardan 110 dollara çenlidir.
Ýewropa Bileleşiginiň döwürleýin başlyklygyna Bolgariýa döwleti saýlandy. Bolgariýanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurduň çäginde 300 duşuşyk, Strasburgda hem-de Brýusselde 1,5 müň dürli derejede gepleşikler guralar. 6 aý dowam edýän başlyklyk döwründe Bolgariýa 25 müň myhmanyň gelmegine garaşylýar.
Hytaýly gyz bahasy 18 müň dollara barabar bolan göwher gaşly ýüzügini zir-zibilleriň toplanýan ýerinde tötänleýin gaçyrýar. Ýurduň Ýançžou şäherindäki zir-zibilleri gaýtadan işleýän kärhananyň işgärleri ýüzügi tapmak üçin 13 tonna barabar bolan zir-zibili bölek-bölek etdiler. Netijede, olara ýüzügi tapmak başartdy.
ABŞ-daky aşa sowuk howa sebäpli dünýäniň iň uly şaglawuklarynyň biri hasaplanýan Niagara doňdy. Doňan şaglawugyň suratlary internet arkaly köpleriň ünsüni çekdi. Bu ýere gelýän syýahatçylaryň sany hem ep-esli artdy. Niagara şaglawugy iň soňky gezek 2015-nji ýylda doňupdy. Şeýle hem mundan ozal, 1848-nji hem-de 1912-nji ýyllarda şeýle tebigy hadysa duş gelnipdi.
Ýewropanyň öňdebaryjy awiagurluşyk kompaniýasy “Airbus” 2017-nji ýylda 700-den gowrak uçary müşderilerine gowşurdy. Şeýlelikde, kompaniýa geçen ýylky öňde goýan maksadyna ýetdi. 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda 591 uçar, diňe dekabr aýynda bolsa, 111 uçar sargyt eden kompaniýalara tabşyryldy. Tutuş bir ýyldaky öndürilen uçarlaryň sany 703-e deň boldy.