Güle meňze
Bir gezek akyldaryň ýanyna gözüne ýaş aýlap, bir gyz gelýär hem-de:
– Men indi näme etsemkäm? – diýip, agyň arasynda zeýrenýär. – Men hemişe adamlara ýagşylyk etdim, hiç kimiň göwnüne degmedim, elimden gelýän kömegimi gaýgyrmadym. Men hemmelere güler ýüzli, mylakatly bolsam-da, köplenç hoşallygyň, sylag-hormatyň deregine göwnüme degip, meni ýaňsa alýarlar. Hatda açykdan-açyk duşmandygynam bildirýärler. Meniň hiç hili günäm ýok, bu şeýle bir adalatsyzlyk bolup, mertebäme juda agyr degýär. Maňa maslahat berseňizläň, eýsem, men näme etmeli?!
Akyldar gapyny açyp, stoluň üstünde ýüz görülýän aýna goýýar. – Ynsan adamlaryň arasyna egnaçyk çykmakdan çekinişi ýaly, dünýäde hem bütinleý göwnaçyk gezip ýörmeli däldir. Seniň göwnüň edil şu gapy ýaly açyk. Her kim durmuşyňa gös-göni burnuny sokup bilýär. Şu aýnanyň ynsan gözelligini, betgelşikligini, aýyplaryny görkezişi dek, seniň ahlagyň päkdigini görseler, saňa myjabat atmaga, kiçeltmäge we göwnüňe degmäge ýykgyn etjek tapylar. Kimdir biriniň özünden artykmaçdygyny boýun almaga her kimiň gaýraty çatmaýar. Şeýlelikde, biderek adam gowy bolasy gelmän, päk ynsan bilen duşman bolýar.
– Onda men näme etmeli? – diýip, gyz soraýar.
– Ýör, men saňa öz bagymy görkezeýin – diýip, goja teklip edýär. Akyldar gyzy baga eltip, şeýle diýýär: – Men bu owadan gülleri köp ýyl bäri suwaryp gelýän hem-de olara ideg edýän. Ýöne bu gülleriň owadanlygyndan, hoşboý ysyndan näçe lezzet alsamam, olaryň gunçasynyň açylýan pursatyna bir gezegem gabat gelmedim. Senem edil şu güller ýaly bol: ýüregiňi adamlara alňasaman, bildirmän aç. Edil kimdir biriniň gülleri suwlaýşy ýa-da olary goparyp depeleýşi ýaly özüňe dost bolmaga mynasyby, ýagşylyk etjegi saýgarmaga tagalla et!
Bagül ýaprajygy
Beýik kompozitor Lýudwig Wan Bethoweni Parižiň Sungat akademiýasynyň hakyky agzalygyna kabul etmeli diýen karara gelinýär. Başlyklyk edýän adam şeýle diýýär:
– Şu gün bu ýere beýik Bethoweni akademiýamyza agzalyga kabul etmek üçin ýygnanyşdyk. Ýöne, gynansagam, akademiýada ýekeje-de boş orun ýok.
Zala ümsümlik aralaşypdyr.
– Ýöne – diýip, başlyk sözüni dowam etdiripdir we stoluň üstünde duran bulgury suwdan püre-pür doldurypdyr. Onda artyk bir damja-da ýer galmandyr. Soňra ol şol ýerde duran bägül çemeninden bir gül ýaprajygyny goparyp, emaý bilen suwuň ýüzünde goýupdyr. Püre-pür bulgurdaky suw daşyna agmandyr. Şonda başlyklyk ediji sesini çykarman, oturanlara nazar aýlapdyr. Muňa jogap hökmünde hemmeler el çarpyp ugrapdyrlar. Şeýlelikde, ýygnak Bethoweni Sungat akademiýasynyň hakyky agzalygyna biragyzdan saýlamak bilen tamamlanypdyr.
Söýgi zynjyry
Braýan çola ýoldan barýan eken. Birdenem, bir gyrada öçüp galan “Mersedese” gözi düşüpdir. Onda aljyraňňy ýagdaýda gartaşan aýal oturan eken. Ol onuň awtoulagynyň deňinde saklanyp, özüniň köne “Pontiac”-yndan düşüp, eýýäm umydyny üzen zenanyň ýanyna ýönelipdir. Zenan örän gorkan eken, çünki onuň awtoulagynyň deňinde bir awtoulagam saklanmandyr. Ol bu ýaş erkek kişiniň özüne zeper ýetirerinden hem heder etmän durmandyr.
– Meniň adym Braýan Anderson – diýip, ol özüni tanadypdyr.
– Hanym, men size kömek edeýin! Häzirlikçe siz meniň awtoulagymda oturyň, ol ýer siz üçin azda-kände ýyly bolar.
Braýan awtoulaga seredip, onuň tekeriniň sypandygyny görüpdir. Zenan ýüze çykan näsazlygy düzedip bilmän eken. Braýan ýeňini çermäp, işe girişipdir. Ýaş erkek kişi tekeri çalşyp, ýylgyrypdyr.
Aýal:
– Eden hyzmatyňyz üçin size näçe bermeli? Puluň gürrüňi ýok – diýip, gyssanmaç sözüniň üstüni ýetiripdir.
Braýan şeýle jogap beripdir:
– Siziň maňa hiç hili bergiňiz ýok. Men diňe kyn pursatda ýardama mätäje kömek etdim. Adamlaryň maňa geçmişde näçe gezek kömek edendigini diňe Hudaý bilýär. Eger-de sen, hakykatdan-da, maňa minnetdarlyk bildirmek isleýän bolsaň, indiki gezek, kimdir biriniň kyn ýagdaýda galandygyny görseň, şol adama kömek et we şonda meni ýadyňa sal.
Zenan hoşallyk bildirip, öz awtoulagyna geçipdir. Birnäçe kilometr ýol geçenden soňra, ol garbanyşhana sowlupdyr. Ol ýylanmak hem-de bir zatlar garbanmak üçin ol ýere giripdir. Oňa hyzmat edýän ýaş ofisiantka zenanyň uzakly gün aýak üstündedigi bildirse-de, ony ýylgyryp garşy alypdyr. Onuň hysyrdyly işi, göwreliligi, gündelik aladalary bu ýaş zenany güler ýüzlülikden mahrum etmän eken.
Gartaşan aýal agşamlyk naharyny edinip, oňa 100 dollar uzadypdyr. Ofisiantka zenan gaýtargysyny getirmek üçin gidende, aýal garbanyşhanadan tiz çykyp gaýdypdyr. Ofisiantka dolanyp gelende, ol aýalyň eýýäm, gidendigini bilip galypdyr. Stoluň üstüne seredende, ol ýerde ýazgyly kagyzyň durandygyny görüpdir. Ol ýazgyny okanda, gözüne ýaş aýlanypdyr. “Siziň maňa hiç hili bergiňiz ýok. Men diňe geçip barýardym. Şu gün edil häzir meniň saňa edişim ýaly maňa-da kimdir biri kömek etdi. Eger-de sen maňa hakykatdan hem, gaýtarasyň gelýän bolsa, munuň üçin siziň etmeli zadyňyz – bu söýgi zynjyrynyň sizde gutarmagyna mümkinçilik bermäň!”.
Stoluň üstündäki desmalyň aşagynda ýene-de köp pul ýatan eken.
Öýe gelenden soň, ýaş zenan adamsyna ýuwaşlyk bilen şeýle diýen:
– Men seni söýýän Braýan Anderson!
Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.