27-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Janke bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşler türkmen-mawrikiý gün tertibiniň esasy ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gepleşikleri ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.